Olka
29.11.2022 10:25
Ehey köne pikir türkmen,üytgäyme kosen diyyaler.
Salam yollam rusdan,türkden, yewropa osen diyyäler.

Hawwa yurtdan cykmasamda,internetden owrenyan men,
Görip olaryñ osüşini namysymdan owranyan men.
Yigit yigidiñ aşygy,gyzlary yarym -yalañac,
Bolşy synlap utanyp dur,yapraga örtünen agac.

Ösmek bolsa yalañaclyk,getiryan bolsa görküñe,
Ertir ähli goyunymy, yygnap salayyn gyrkyma,
Ehey kone pikir turkmen täzelen esel diyyäler,
Goñşy bilen gatnaşmayan ,Yewropa ösen diyyaler.

Ösen añly goc perzentler,dürli arzuwlar küýünde,
Ak suyt beren ejeleri,yatyr garrylar oyünde.
Biz ekenik namys - ary,täç edinen bolup başa,
Ol yerdäki erkekleriñ ayaly bar goşa- goşa.

Ne nika kelle agyrdyar,gyzykly däl gyz geçmişi,
Bir zenany söyüp bilyar,ylalaşykly üc kişi.
Türkmenin konecilligi yoluny kesen diyyäler,
Dogana piparh doganly,yewropa osen diyyaler.

Dogry bolsun,egri bolsun, arzuwa yetibermeli
Gyza oglan dogan parhsyz yar bilen yitibermeli.
Turkmeni gybat saklarmyş şeyle uly hezillikden,
Keyp cekip bagtly günleriñ,gozyaşyna ezilmekden.

Eger gybaty saklasak ösuş boljak injek Zynat,
Saklaweri yatmaweri ýaşa ýaşa ýaşa gybat.
Ayby aydylsa adamyn dogrygecer kötel yoly
Ösmek ucin ynsanlykdan daşlaşaymak yetik yaly.
Şeyle yüreksiz ösüşiñ aleyt icine depeyin,
Gel konepikir Turkmen mañlayyñdan öpeyin.


Awt Kerim Hally

20
71
Lalın
29 Noýabr 2022
Olka,🙂
Olka
29 Noýabr 2022
Lalin 😌😌😌💕
Lalın
29 Noýabr 2022
Gaty manyly eken sag bolun paylasanyza 👍
Perishdejik
29 Noýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Olka
29 Noýabr 2022
Saol myhman myhman💕💕💕
Myhman Myhman
29 Noýabr 2022
Döneýin goşga
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.