“Goňşy-iň ýakyn aradaky ildir”
Köküni taryhyň çuňlugyndan alyp gaýdýan türkmen halkynyň däp-dessurlary,edim-gylymlary umman deýin many-mazmuna eýe bolan ümzügi alyslara uzaýan nesil terbiýesiniň ägirt uly mekdebidir. Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş beren “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen ençeme halklaryň arasynda uly we kiçi kerwenler arkaly özara gatnaşyk saklandyklary hakynda nygtalyp geçilýär. Şonuň esasynda hem uzak ülkeleriň arasyndaky dostlukly aragatnaşyk belli bir derejede şol ýurtlarda söwdaň, medeniýetiň,ylym-bilimiň, senagatyň pajarlap ösmegine getiripdir. Onuň içinde bolsa ähli zatlar, ýagny ynsan gatnaşyklary, adam bilen tebigatyň sazlaşygy, birek-birege hormat goýmak ýaly ynsan mertebesini beýgeldýän ajaýyp ýörelgeleri nesillere miras goýmak mysalyndaky bahasyna ýetip bolmajak işleri, zähmetleri ýatyr. Ynsan gatnaşyklary diýlende ilkinjileriň hatarynda türkmeniň goňşyçylyk bilen baglanyşykly ýakyn gatnaşyklary göz öňünde janlanýar. Bu babatda könelerden bize ýetip gelen dürdäne setirler barmak basyp sanardan köpdür. Şol sanda “Goňşy-ömrüňe dahylly kişidir”, “Goňşy-ykbalyňa täsirli kişidir”, “Goňşy mähek daşydyr, sen sap altyn ýa-da mis garyndysymyň-goňşy bahym kesgitlär”, “Goňşy-diňe Allanyň däl, uly iliň şaýadydyr” diýen ýaly ýüzlerçe gymmatly pähimleri bar. Şu ýerde ýakyn goňşyňy ynjytmazlyk hakynda meşhur şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň bir ajaýyp jümlesini mysal getirsek tüýs ýerine düşdügi bolardy. Onda şeýle diýilýär:
Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň
Goý öçmesin, sen ölçerme oduny.
Aýaklaryň ätjek ädimin äder
Göreçleriň görer görjek zadyny.
Türkmen halky goňşyçylyk gatnaşyklaryna elmydama örän uly ähmiýet beripdir. Ata-babalarymyz goňşy goňşa mähirli bolmaklygy, ylalaşykly, sylaşykly, hem-de agzybir bolmalydygyny ündäpdirler. Bu barada olaryň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Ýer almada goňşy al”, “Kyýamat güni goňşydan”, “Daşdaky dogandan golaýdaky goňşy”, “Aýrylmaz goňşyňa undulmaz söz diýme” we ýene-de birnäçe bahasyna ýetip bolmajak gymmatly, altyna gaplaýmaly atalar sözlerini, nakyllary bize miras galdyrypdyrlar. Il içinde goňşysyna “Hemsaýam” diýip ýüzlenmesi ýöne ýerden däldir. Ilçilikde nämedir bir zada gyssanan wagtyň ýa-da uzak bir ýere gitjek wagtyň öz goňşyňa baryp “Goňşy, biziňkilere-de göz-gulak bolaweri”diýen ýaly sözler aýdylýar, mundan başga-da birini soralanda “Pylanyň goňşysy-da. Goňşys-a ýagşy adamlar, beýle adamlaryň goňşysy hem bihal adamlar däldir-le.” diýlen ýaly jogaby alarsyň. Kemçiligiňi, ýetmeziňi, artykmaçlygyňy ilki bilen goňşyň gözi terezä salar. Şatlygyňy deň paýlaşyp, hasratyňy deňine çekişjek goňşyň bilen arkalaşykly ýaşamak biziň halkymyzda ynsan terbiýesine degişli mukaddeslikdir.
“Gel okaram, git okaram, gelmeseň, gitmeseň, orta ýolda döwül okaram” diýýän biziň türkmen halkymyzda goňşy aralygynda saçakly, duzly gatnaşmak asylly ýörelge hasaplanylyp, ol agzybirlikden hem döwletlilikden nyşandyr.