“Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor”
Tejribeli mugallym ak kagyzyň çep tarapdaky ýokarky burçunyň golaýynda kiçiräk nokatjyk goýup, bilesigeliji talyplaryna görkezdi: -Talyplar siz näme görýäňiz?
Talyplar ýerli-ýerden dillendiler:
- Kagyzyň ýokarky çep burçynda garaja nokat bar.
- Kagyzyň käbir ýerlerinde tegmil bar.
– Eplenen, saralan ýerleri, gara nokat bar.
Soňra mugallym aýtdy:
- Talyplar, sizem edil hemmeler ýaly şol bir belligi etýärsiňiz. Kiçijik gara nokatjygyň barlygyny aýtdyňyz, hatda ony doly derejede görmedigiňiz hem şony kynlyk bilen görmäge çalyşdyňyz. Ýöne, nämüçindir hiç biriňiz ullakan ak kagyzy görmediňiz. Durmuşda adamlaryň kiçijik kemçiligini görýärkäňiz onuň edýän gowy işlerini hem görmäge çalyşyň. Çünki, güldäki tikeni her kim görer, siz tikendäki güli görjek boluň!