Bir garyndaşymyň aýtmagyna görä bir çopan bar eken. Bu çopan gün güzeranyny ýetişdiren goýunlaryndan görýän eken. Elbetde bu çopanyň hem iti bar eken. Goýunlara garagulçylyk edýän bu it goýunlary irden otlamaga äkidip, agşam hem öýe getirýän eken. Çopan itinden göwni şat eken. Çopanyň ýeke alada edýän zady bar eken, ol hen itiň goýunlary agşam öýe getireninden soň naharyny iýip bir ýerlere ýitip gidýärmiş. Çopan iň soňunda şüwhelenip iti yzarlamaly diýen karara gelipdir we ertiri gün çopan it goýunlary öýe getireninden soň naharyny beripdir we yzarlamaga başlapdyr. It naharyny iýeninden soň tokaýa tarap gitmäge başlapdyr. Çopan yzarlaýarka iti gözden gaçyrypdyr. Ertesi gün ýenede yzarlamaga başlapdyr, ýöne bu gezek has golaýdan yzarlapdyr. It uzak ýol ýöräninden soň bir gowaga giripdir. Çopan hem saklanyp bilmän yz ýany bilen arkasyndan gowaga giripdir we näme görsün, jynlary! Ite "Hoş geldin gara oglan!" diýenini eşidipdir. Çopan eglenmän yzyna çykyp gaçypdyr. Ertesi gün it goýunlary otlamaga geleninde çopan ite:" hoş geldin gara oglan" diýeninde, it dälirän ýaly ylgap gaçypdyr we şondan soň hiç hili gelmändir.