Einstein’iň dilini çykaran meşhur suratynyň hekaýasy!
Albert Einstein diýilende aklymyza ilki bilen näme gelýä? Otnositellik teorýasymy, E=mc2 my, Nobel Baýragyny almagyna sebäp bolan “foto elektrik täsiri” mi yogsa dilini çykaran şol meşhur suratymy? Köpümize Einstein diýilende elbetde bu surat gözegmize gelýä. Älem barada ajaýyp açyşlar eden beýik şahsyýetiň näme üçin beýdip surata düşendigi elbetde her bir adamda gyzyklanma döretýär.
Guardian gazetine görä, 14-nji Mart 1951-nji ýylda düşürülen bu surat 20. Ýüzýylyň gürrüňsiz iň tanymal suratydyr. Surat, Princeton Üniversitetinde gutlanan Einstein’iň 72. Doglan güni şagalaňyndan çykyşda düşürilendir.
Aýdylşyna görä; şagalaňdan soň çykalgada žurnalistlar köpçüligi Einstein’e garaşýardylar. Şagalaňyň dowamynda Einstein gülmekden ýaňa örän ýadapdy we bu sebäpden derrew ulagyna münmek isledi emma köpçülik bolup gelen habarçylar muňa rugsat berjege meňzänokdy. Albert Einstein uly ses bilen "Bolly ediň!" diýip gygyryp özini ulagyň içine oklady. Ulagyň içinde Princeton Üniversitetiniň özgeriş bölüminiň öňki direktory Dr. Frank Aydelotte bilen Aydelotte’niň aýaly Marie Jeanetteniň arasyna oturypdy. Ine edil şol pursat belkide žurnalistlaň içini ýakmak üçin olara tarap dilini çykarar we derrew arkasyna sereder. Bir sekuntdanam has az wagtda Einsteiniň bu keşbini surata düşürip bilen şansly kişi UPI’dan žurnalist Arthur Sasse boldy.
Einstein Sasse’niň tutan bu keşbini örän halaýa. UPI’dan özbaşdak gutlag karty hökmünde ulanmak üçin 9 sany kopýa alýa. Suratlaryň birnäçesinde diňe ýüzi görünýär. Bu keşp beýik geniniň nyşanyna öwrüldi diýsegem boljak.
Albert Einstein bu suratlaň birine žurnalist üçin gol çeker. Bu gol çekilen surat 2017-nji ýylda açyk auksiýonda 125.000$’a satyldy.