Yşka düşen goja hem gözel gyz hakynda hekaýat
Güýz gelip, özgerdi älemiň keşbi,
Baglaň ýapraklary saralyp, gaçdy.
Sörtük ýeller tiz-tiz öwsüp başlady,
Şahalary derrew ýalaňaçlady.
Ýaşyl baglaň öňki görki özgerdi,
Garaz, ähli zatlaň durky özgerdi.
Dünýä gussa çaýan şol güýz paslynda
Oturdy bir goja bagyň astynda.
Gülzarlyga seýran edesi geldi,
Ol goja hyk-çoklap, ýerinden galdy.
Uzak mahal o ýan-bu ýan aýlandy,
Pelegiň gerdişi hakda oýlandy.
Bir näzenin çekdi onuň ünsüni,
Garşysyndan ýöräp gelýärdi göni.
Zerre kem görnenok başdan-aýakda,
Gara zülpi towlanyp dur ýaňakda.
Ýapyp dur ýüzüni ap-ak örtügi,
Şeýle ajaýypdy gyzyň görnüşi.
Tal çybygy ýaly çeýe synasy,
Barmaklarnyň ujy gyzyl hynaly.
Aýagna ýapyşsa, hoş bordy dür hem,
Azdyr oňa dünýä malyny berseň.
Goja näzenine içgin bakdy-da,
Edil garşysynda dyza çökdi-de:
Sorady: “Peýkermiň? Jennet hüýrümiň?
Ynsanmyň? Perimiň? Güneş nurumyň?
Düýşde görünýärmiň?
Huşummy ýa-da?
Seniň deýin gözel ýokdur dünýäde.
Kamatyňa sežde kylmaga taýyn,
Gülüp baksaň, guluň bolmaga taýyn.
Gitseň—halym harap, gitmeseň—sag men,
Haýyşym: bir pursat ýanymda eglen”.
Gyz ýylgyryp, oňa şeý diýdi: “Eý, çal,
Seniň aklyň çaşan bolmagy ahmal.
Durmansoň synamyň aýby bildirip,
Ýalňyşdyň sen maňa söýgi bildirip.
Meni ýaşdyr öýdýän bolmagyň ahmal,
Ýüzüm gasyn-gasyn, saçlarym çap-çal.
Şoň üçin ýüzümi ýapyp gezýärin,
Hakyky keşbimi bukup gezýärin”.
Muny eşden goja egnin ýygyrdy,
Şobada zenandan ýüzün öwürdi.
Gyz aýranda ýüzündäki örtügin,
Jemaly nur saçdy göýä ýagty Gün.
Goja diýdi: “Sözüm bar sen jenana,
Meni aldamakdan maksadyň näme?”
Gyz aýtdy: “Şoňa-da düşüneňokmy?
Sered-ä, men seniň taýyňmy, ýokmy.
Sözüňde kişi deý durmaga derek,
“Men—kempir” diýemde, ýüz sowduň gerek?!
Sen bireýýäm sönüp, sowap giden kül,
Alawyň taýy men.
Ýolumdan sowul!”