Saralan surata seredip siňe,
Ýatlama çümersiň ýaprak gaçanda.
Köşeşer gidersiň- sen maňa jaň et,
Ýalňyzlyk başyňy tutsa haçanda.
Ýaz gelip, meýdana çykasyň geler,
Içiňi dökmäge asman astynda.
Çagyr meni, ýüregiňi diňle-de,
Gelerin bar bolsam ýeriň üstünde.
Hatyrasy üçin hoş geçen günleň,
Başarsaň, ýüregňe etme ikilik.
Özümi bir ömür bagyşlap bilmen,
Eşitsem gözlerňe gussa çekeniň.
Gaýgyly bolmasyn aýdýan aýdymlaň,
Täleýde şonsuzam ýeterlik gam bar.
Soňky duşuşykda aýdyp gaýdanlam,
Saňa kyn günüňde bolsun howandar.
Gijeler düýş görüp, gorkup oýansaň,
Ynan onuň ýönekeý bir düýşdügne.
Bilýän, kem- kem ýatlamaňam goýarsyň,
Göz ýetirip indi ýanmaň giçdigne.
Barybir, geçmişe seredip siňe,
Başyňy ýaýkama duşdan geçenne.
Açylar gidersiň, sen maňa jaň et,
Ýalňyzlyk başyňy tutsa haçanda.
Aşyr Hanow