BaýramBejidow
27.11.2022 00:14
Senbir ýitme durmuşumdan,
Gitseñ menem alyp gitgin,
Imrinse gözlerim özgä,
Ömrüm köze salyp gitgin.

Çekemde teşne zarlygyn,
Sensiñ mähirde barlygym,
Salgym bolan ykbalymyñ,
Umydyny ýolup gitgin.

Gerdenim ýegşeren çagy,
Geçip dursa ömür saly,
Armanly galmazym ýaly,
Zaryn sazyñ çalyp gitgin.

Noşum bolsa-da aşymda,
Sensizlik geçmez başymdan,
Jebri çekmäýin daşyñdan,
Ýykylaýsañ, galyp gitgin.

Ynamym ýokdur hiç kişä,
Galaýsam añzakda üşäp,
Başujyma ter gül düşäp,
Ýatjak ýerim gazyp gitgin...

Awtory: Baýram Bejidow
23
118
Myhman Myhman
27 Noýabr 2022
Berekella 👍👍👍
Myhman Myhman
27 Noýabr 2022
Govy goşgy👍👍👍👍Ýatjak yerim gazyp gitgin...
butterfly
27 Noýabr 2022
👍👏🏻......
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.