zolushka
26.11.2022 20:52

Böleklenen çagañ ruhy

Gowy gün ýaşypdy. Ýeke özim zeýkanalyň ýandan gonilap öýe baraýyn diýip öýe ýakyn ýoldan gaty ýöräp gelýärdim Birden gulagyma aglaýan çagaň sesi eşdildi. Diňşirgenip durdym, ses ýok, ýöräp başladym. Çagaň iňňildäp aglaýan sesi has ýakyndan eşdilip başlady.  Adamyň bilesigelijiligi guýçli bolýar ekeni. Gijäň içiňde gorkmanam bilmandirin, goni agy sesi eştdilýan ýere ýoredim Zeýkanalyň gamyşlygynyň içinden ol ses has dury eşdildi
Ol barmana obaň sygyr çopany -gyzym gijäň içinde zeýkanalyň içinde name edýaň içýan çirkeý bir ýeriňe zeper ýetiraýmesin
Ziňkillap gitdim -Weli aga salam gulagyma bir çagaň sesi eşdildi biri çagany zeýkanala taşlaýdymyka diýip şony gözledim -oda bolmagy mümkin gyzym ýöne hazir bol -bor Weli aga diýdim-de öýe ýöredim Öýe gelip çaý çöregim iýip öz otagyma geçdim Işgarleriň iş grafigini ýazdym oňa muňa guýmenip sagadyň 12 bolyp birden işlänini duýman galypdyryn Ýerime geçip uzyn gunuň hyzyrdysy bilen ýadowlygym indi duýup başladym uky basmarlady Ýaňy irkilipdirin birden aglaýan çagaň sesine oýandym Diňşirgendim Ol ses ýakynjakdan eşidilýärdi Baý eje bolaýşyny çagasy aglap durka nädip ýatyp bilýärkä diýip içimi gepletdim eýläme-beýläme aganandym ýatjak boldym hiç ýatyp bilmedim ol çagaň sesi goýar ýerde goýmady Birniň çagasy ýaranok öýtýan gije ýa gyzyp zat edaýdimikä ejesi dagy dyndyrjak hem bolanokla bu zamanyň ejelerni çagalarynyň üstunde kökenek bolmaly halyna çagasy aglap durka nädip ýatyp bilýärkä Ýerimden turdum Spalnymdan duşup halatymy egnime atanym hem şoldy welin aýagym bir zada budredi seretsem el çagajygyň eli tisginip gitdim meniň otagymda gurjagyň eli name işleýarka bizde çagada ýoga gurjak bolar ýaly diýip telefonyň ýagtysyna egilip ol el nämekä diýip elime alanym hem şoldy welin gabat garşymda duran elsiz aýaksyz duran çaga gözim kaklyşdy tas gygyrypdym ol barmana ol çaga -bu meniň elim elim ber diýdi Elimdaki eli nädip ýere taşlanym duýman galdym äpişgämiz şarkyldap açyldy ýuregim ýerinden süýşdi öýtýan daşardan gelýän sowuk şemal ýüzüme uransoň az kem özime geldim Aýyň ýagtysyna otagyň içindäki togalak garpyz ýaly bolyp togalanyp ýerde ýatan eli alyp eline dakjak bolýan çaga gözim duşdi Indi ony gowy saýgaryp bolýardy Ýuregim ele alyp zordan -sen kim sen nä işleýäň meniň otagymda Çaga -men hiç kim meniň adym yok -barde name işleýaň ýa senem ruhmy -hawa - ih çagaň ruhy böleklenen çagaň ruhy eli ýok aýagy ýok çaga elini aýagyn gözläp ýoren çaga hiç akyla sygjak zat dal -akyla sygmasada ynanmasaňyzda hakykaty boýnyňyza alaňyzok -seniň ejeň barmy -onyň adyny tutma -a kakaň barmy -kakam onyňda adyn tutma -onda kimiň bar heý biri barmy durmyşyňda -ýok -ynanar ýaly däl
-meniň elim aýagym ýerine dakmaga kömek edermiň -bilemok olary nirden tapyp bolar -zibilden meni zyňan ýerlerinden -hany dur sen başdan aýtsana maňa Başdan aýtsam kömek edermiň -elbetde Diňle onda ejem bilen kakam, bular bir toýda tanşypdyrlar. Olar bir birni gowy görup ýedi sekiz aý gepleşipdirler bir birni halapdyrlar Bularyň bir birege bolan söýgusi aşa ýokary geçip araçakden çykypdyr. Olar gizlin gatnaşykda kop kop bolypdyrlar. Olaryň söýgusiniň netijesinde men dorapdirin
Bir gun soň ejem kakama özini durmyşa çykarjak bolýandygyny kakama duýdyrypdyr we özine guda ibermegini aýdypdyr. Kakam bolsa onyň bu sözine ör gökden gelip -entek toý bolmaz şu durşymyza gidibereli toýada ummasyz pul gerek oda mende ýok diýipdir
Ejem -guda gelseler bolýar galyň zat saljak dal toý edip barsam bolýar söýgimiz aşa ýokary derejä ýetdi men senden çaga garaşýan men ony nadip öýdakilere aýdaýyn Kakam -çagany aýyrt aýyrytmak üçin çykdajylaryny özi töleýändigni soň sen arkaýyn öýňizdakileriň diýen ýigdine baryber diýipdir - name men satlyk haryt dal ýa çaga oýunjagy dal oýnap konelensoň zyňar ýaly -menem-ä seni göwreli halyňa alman.
- ol çaga senden, başga hiç kimden däl Men bilemoga seni meniň bilen bile bolyp soň kimiň gujagyňa girýaniň, men duşuşyga çagyrdym ylgap geldiň, gujakladym, ogşadym iteklemediň, öziňede şo hoş ýakan bolmaly, bile boldyk garşy çykmadyň, soň menden başgada oglan şeý diýýan bolsa sen ylgap barýan bolmaly -nejis bigaýrat, seniň meni oýunjak oýnan ýaly oýnajagyň bilen bolsam seniň bilen söýişmezdim -söýgi nirden gelda, erkekler gepleşip başladygy gyzy gorjek diýip synlaýar eger ol bir diýlende ylgap gelýan bolsa ol gyzy name edesiň gelse edibermeli, garşylyk gorkezmeýar, wagt geçirdik, seniňem wagtyň hoş geçdi eýsem ýalanmy - şol hoş wagtyň netijesinde çaga bar ahyr, men çagany name edeýin indi - aýyrtda, gum et - nejis ol senki, edişime seret, seniň  çagaňy bölek bölek edip aýyrdyşyma, böleklenen çagaň zeýkanala gomerin, it guşa şam bolar nejis.
Ejem kakam bilen söguşip gaýdypdyr. Şol bady bilen hem tanyş jorasynyň daýzasynyň komegi bilen  lukmana barypdyr. Men ol wagt bolsam ejemiň göwresinde 7-8 hepdelik ýa bardyryn ýa ýokduryn. Lukmana ejem gaçyp durmyşa çykdym ýoldaşym köp urýar, urga çydaman gaýynlarym näletläp yzyma gaýtdym, öýe barmaga welin mende ýuz ýok, gowramde galan çagany aýryp beriň kömek ediň diýip ýalbarypdyr, maňa bu çaga gerek dal diýip aldapdyr we şo gun meni ömur ýupimi kesipdirler.
Jan girip barýan çagany nahili aýyrýanlaryn welin bilýansiň, meniň elim bir çekip aýyrdylar, aýagym bir çekip aýyrdylar, men eje beýtme, ejejan menem ýagty jahany göresim gelýar, meni diňlaýdä ejee: - diýip naçe gygyrsamda ýalbarsamda,  ony ne ejem eştdi ne-de kakam wagtlaýyn söýgiň astynda döran öziň bolma, diýleni boldy, onyň netijesinde men ýitgi çekdim: - diýdide ol çagajyk ýene aglady
Ine söýgi gerek bolsa biz nahili ekenik öz bahbidimize seredip gor nameler edýas ekeni  Ine saňa gerek bolsa soňsyz  söýgiň jogaby. Gör ol söýgi odyna kim ýanyp bişýar ekeni. Hakykatda biz ol barada pikir edemizogam öýtýan. Pikir etsek hem bilmedik bolýas
Men bu çagajyk bilen gepe guýmenip daň saz berip başlany duýman galypdyryn.
Soň ondan soradym
- men indi name etmeli borkam
- meni gözlän ýeriňe barda meni tap, maňa bir at goý, men barde adym ýok, özim ýaly çagalaryň kileň ady bar mende bolsa ol yok, elim aýagym ýerinde goý, şol komegi edip bilermiň
- synanşyp göreýin: - diýdim-de ýerime geçip ýatdym, gowy ýatyp  galypdyryn
Irden turyp işe gitdim işden soň ýene öýe pyýadalap gaýtdym, ýüzüm ýene şol zeýkanala tutyp öýe garşy gabatlap ýoredim.
Ýolda gelýärkäm ýene Weli aga gabat geldi
- Gyzym eýgilikmi sen name etýaň...Gyzym eýgilikmi sen name etýaň bu zeýkanalyň gyrasynda
-Weli aga salam, aý şu taýdan bir zat gözleýan
- hany menem gözleşeýin
- azar edinmaň Weli aga özim bir zat ederin
- azary bolmaz gyzym, Gyzym diýýän-ä geçen gezek sen şu ýerde bir çagajygyň sesi eştdilýar diýdiň welin şol sesä menem eştdim.
Bir gun surini gijrak alyp gaýtdym, gowy garaňky gatlyşypdy howlygyp sürüp barýadym, zeýkanalyň deňine gelemde bir çagajyk çyrlap aglaýan ýaly, diňşirgenip dursam ol ses ýitýar, ýöreýan welin ýene eşdilýar, inim tikenekläp gitdi Soň sürini agöýlän bolýar welin oba surýan, şol zeýkanalyň deňinde sygyrlary gaty sürüp geçýan
-Weli aga, hemme zat gowy bolar
- Gyzym diýýän-ä seniň gözleýan zadyň şu bolaýmasyn: - diýdide kone mata dolangy bir zady çykardy
- açyp goreli
- açma gyzym
- ýok açaly diýdim-de Eňegime tutyp açdym, görsem size ýalan maňa çyn elim ýaljak kiçijik göwre ýanynda çalam çaş bolyp ýatan böleklenen el, aýak dur, esgi dolan ýaly edip çalak çulak dolap  zeýkanalyň gyrasyndan zibil zyňan ýaly zyňaýypdyrlar
Weli aga
- estofuralla, bu name gyzym
- sen sorama Weli aga soň aýdyp bererinda, hazirlikçe maňa kömekleş, piliň bar bolsa getirde çukur gazyş diýdim-de matany doly ýazdym we kiçijek gurjak ýaly bolyp ýatan gowrejigi goni goýyp eljagazyn, aýajygyn ýerbe ýerine goýyp tertipleşdirdim, we ýuwaşjadan doladym, oňa çenli Weli aga ýarty bilden edip çukur gazdy
Ony ol çukura goýyp ony gowy edip gömdük, daş töwerekde bolan daşdyr kerpiç böleklerinden daşyny aýladym we Weli aga
- bir doga bilýan bolsaň okaý diýdim
Weli aga okap başlady welin çagajygyň at goýaý adym ýok diýen sözi ýada duşdi. Oňa özumçe at goýup Weli aga bolsa doga okap el galdyryp ýerimizden turdyk. Gowy garaňky düşupdi.
- Gyzym men gija galdym ýarty sygrym oba siňdi, gitmediklerin öýli öýine elteýin diýdide eşejigine münüp haýdap gitdi
Men yzyndan
- Weli aga taňryýalkasyn diýip gygyryp galdym
- bile ýalkasyn gyzym senem eglenmede öýňize çaltjak ýetjek bol
- bolýa
Öýe ýöredim. Ýol boýy özime her hili sorag berip gördim hersiniň aýratyn jogaby bolsa mende ýokdy
Bu dowriň söýgusi diýen bolýas dowurde nä gunä barka, söýguni özimiz goraglap bilmesek, döwri gunakarlap bolmaza
Söýgi päk bolmaly, ýöne päk bolsa bu ýalňyşlyklar nirden çykýarka, eger çaga gerek bolmasa onda ony doredip name etjek, ýa çagany zibile zyňmak üçin doretýan dalsiňa, seresap bolmaly, her bir zadyň öz ýeri bar, ätjek ädimiň ilki goziň bilen gormeli we seretmeli soň aýagyň ýere basmaly, gözli kör bolmaly däl, bolmasa şular ýaly elsiz, aýaksyz, atsyz çagalar köp bolaýmasa
Goý her bir çaga ene atasy arzylap, arzuwlap garaşsyn
Pikire çümüp öýe ýetenim duýman galdym.
Otagyma girenim hem şoldy welin äpişgämiz şalkyldap giňden açyldy...
Jayyn bir burcunda yagtylyk bady o gapdala seretdemde bolsa so cagajygy gordum bu  gezek onun hemme zady yerbe yerdi we mana gulip seretdide sagbol doganjygym diyip gozden gayyp boldy. Ertesi gun men bu bolup gecen zatlary ejemdaga gurrun berdim we oye molla cagyryp kicirak sadaka berip cagajyk ucin töwir okatdyk.

19
224
Ineedyoutostay
12 Dekabr 2022
Myhman Myhman,oglum bolsa
Myhman Myhman
12 Dekabr 2022
Kimler cagan dyrnagyna zar bolp yorler kimlerem.bizar bolp yor
Myhman Myhman
4 Dekabr 2022
Men shuny onem okapdym kicikak lineda goyulypdy
Olka
28 Noýabr 2022
Maýa06 google girde saylanan eserler diyip yaz ozi cykya pley marketda cykya skacat edip alay
Maýa06
27 Noýabr 2022
Nirde baraý şol saýlanan eserler maňada bilýän bolsaňyz kyn görmänjik aýdaýyňda
k_25n
27 Noýabr 2022
ertir.com da bardy nowca atly agza 🤔
Myhman Myhman
26 Noýabr 2022
Nowçañ hekaýasy bolmaly . Öñ elektron kitabyny okapdym . Mistikany köp ýazýardy şu Nowça .
Myhman Myhman
26 Noýabr 2022
Mena sun yaly zat görsem göni olerdim toba toba
Myhman Myhman
26 Noýabr 2022
Gyzykly hekaya ekeni yöne gorkdym like 👍👍👍
Perishdejik
26 Noýabr 2022
😔👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.