ylham_gurbanaly
26.11.2022 17:46
Ýüregimde okalmadyk adyň bar,
Aýtjaklarmam kitap ýaly jemlenen
Göreçlerimde ahy-perýadym bar,
Okap bilmez, senden özge çem gelen

Gözleň maňa penjiredi - bu dünýä,
Durmuşy, dünýäni gözellik saýdym
Arşa perwaz etdimmikäm bidin ýa?!
Müdümi uçjakdym,
ýelek deý gaýdym

Ýyllar hoşlaşygy gezer ýatladyp,
Synlanymda perwazyny durnalaň
Şonda hiç kim bilmez meni şat edip,
Peýdasyz - geçmişe gatnap durmalam

Gussa ekler her şygryma, her ýere
Gözýaş damar yşgymyza bulutdan
Göçmesek-de ikimizem del ýere,
"Bizi" asla tapmarys biz - bu ýurtdan

Aýralyk...
Ýolumyz gutarmaz emma,
Ýollar bolar, çöller bolar, düz bolar
Barybir "bagt" sözi ederis hemra
Tapawut - sende "ly", mende "syz" bolar


Ylham GURBANALYÝEW
(26.11)
27
135
Myhman Myhman
7 Dekabr 2022
👍👍😢😢😔
ylham_gurbanaly
26 Noýabr 2022
maral, edil özi)
Myhman Myhman
26 Noýabr 2022
Maral 👍👍sagbol
maral
26 Noýabr 2022
Myhman Myhman, "bagtly" we "bagtsyz" manyny beryamika diyyan
maral
26 Noýabr 2022
Gaty gowy gosgy👍👍👍
Myhman Myhman
26 Noýabr 2022
Govy goşgy👍👍 sende ly mende syz bolar su yerine dùşinmedim
wolf
26 Noýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.