Gözledim çar ýandan, üýtgeşik mähir,
Tapmadym, ta:ýyñy gözledim niçe.
Gark bolsamam, başgalaryñ mährinden,
Emma señ mähriñden, doýmadym eje..!
- - - - - - - - - - - - - - - - - - -- - - - - - - - - - - - - - - - -
Bu durmuş dogansyz agyr adama
Doganyñ diýer "Arma, ýadama"
Özi süýt-gatyk bolup mydama
Seni gaýmak saýjak dogandyr-dogan.
Aklyñ artar sene geçse seneden
Dogan ýakyn bolar dostdan ýeneden
Doganlar mirasdyr ata-eneden
Çyn ýürekden söýjek dogandyr-dogan.
- - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - -
Ýagşydyr diýýänim ýaman ekeni,
Dogrudyr diýýänim ýalan ekeni,
Ýykylamda gynanjak kändir diýsem,
Diñe ejem, kakam hem dogan ekeni.
- - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - - -
Kä adam, gamlansa aýdym diñleýär,
Kä adamlar, derdin döküp aglaýar,
Ölümden bihabar, ýaşaýan adam,
Her bir güniñ, gymmatlygyn bilmeýär.