“Adamkärçilikden ullakan post ýok”
Sapaga giren mugallym otagyň içindäki okuwçylaryň gohlaşyp oturandygyny görýär. Goh-galmagaldan ýaňa ses-üýn alyşar ýaly dälmiş. Mugallym okuwçylara seredip biraz pikirlenip durupdyr-da, tagta “1”-lik sany ýazypdyr. Mugallymyň hiç zat gürlemezden duýdansyz beýle hereketine okuwçylar geň galyp seredipdirler. Şonda mugallym ”Okuwçylar ine, bu “1” Adamkärçilik ” diýipdir. Soňra bolsa onuň yzyna “0”-lyk goýup, “ Bu bolsa zehin” diýipdir. Mugallym soňra ýene birnäçe “0”-lary goýupdyr hem-de olaryň her haýsysyny atlandyrypdyr, “ Bu Zähmetsöýerlik, bu Tutanýerlilik, bu Gaýduwsyzlyk, bu intuisiýa, bu ugurtapyjylyk.” Okuwçylar mugallymyň hereketine we aýdýan zatlaryna haýran galyjylyk bilen seredipdirler. Mugallym iň soňunda biraz oýlanyp, eline öçurgiji alyp, başynda duran “1”-lik sany pozup goýberýär-de; “ Okuwçylar, görýäňizmi? Eger-de siziň Adamkärçiligiňiz ýok bolsa, ondan galan zatlaryň “0”-a öwrülýändigini. Kerim şahyr aýtmyşlaýyn:
-Ullakan stolmy, kiçijik stol.
Uly stanokmy, kiçi stanok?
Haýsynyň başynda zähmet çekseňem,
Dünýäde bir postdan ullakan post ýok.
Adamkärçilikden ullakan post ýok.
Şol günüň, ertäň iň uly posty.
Kimde-kim şol posta wepaly bolsa
Hem özüniň hem-de iliniň dosty.
Nusga bolup galsyn nesilden-nesle,
Adamkärçiligimiz, ýagşy gylygymyz.
Şu günki ýaşlygymyz bisüwit geçse,
Biweç bor, ertirki ýaşulylygymyz! ”
Adamkärçilik siziň hiç haçan ýitirmän, aýap, gorap saklamaly esasy zatlaryňyzyň başynda durýan beýiklikdir. Bu dünýäde esasy gymmatlygyň adamdygyna, onuň mertebesiniň ýokarylygyna bolan düşünjesi dar adamlar ony ýitirip biler. Ýyllaryň size köp zatlary bermegine ( güýç, baýlyk, şöhrat, täzeçe dünýägaraýyş ) ýa-da köp zatlary sizden almagyna ( saglyk, birek-birekden jyda etmek, şowly pursatlaryňyzy) garamazdan ony ýitirmäň!