zolushka
26.11.2022 15:24
Ussa
Ýaşy bir çene baran, hindistanly ussanyň şägirtleriniň biri durmuşyndan köp nalaýar eken. Bir gün goja ýaňky ýaş ýigidiň igençlerinden halys ýadap, ony ýanyna çagyrypdyr-da, duz alyp gelmegi buýrupdyr. Ýigit gapda duz alyp gelipdir. Onsoň goja oňa: «Indi bolsa, bir gysym duzy al-da, bir käse suwa guýup iç» diýipdir. Ýigit halypasynyň sözüni ýykyp bilmän, duzly suwa agzyna ýetiripdir. Bir owurt içip-içmän hem öwäp-üsgürip, bolmajysy bolupdyr.

Goja ondan: «Tagamy nähili eken?» diýip sorapdyr. Ýigit: «Zäher ýaly» diýip jogap beripdir. Soňra goja ýylgyryp ýigidiň goşaryndan tutupdyr-da, ony daşaryk çykarypdyr hem ur-tut kölüň kenaryna alyp barypdyr:

– Indi köle-de bir gysym duz oklaga-da suwundan içip gör hany!

Ýigit aýdylany berjaý edip, eňegini suwa basypdyr-da, işdämenlik bilen suw içipdir. Agzynyň iki gyrasyny ýeňi bilen süpürip durka-da goja oňa ýene sorapdyr:

– Tagamy nähili?

– Ajaýyp.

– Beýle bolsa, kalbyňy köl ýaly giň tutgun, balam! Käse ýaly kiçijik ýüregiňi köl ýaly ulaltjak bol. Şonda durmuşyňda hiç zatdan nalamarsyň!
20
110
Myhman Myhman
28 Noýabr 2022
Kakyky şu durmyşda gerek zat
ideallider
27 Noýabr 2022
Giňişleýin pikir ýöretmeli👍
Perishdejik
26 Noýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Девушка.
26 Noýabr 2022
Kalbyňy köl ýaly giň tutgun!👍👍👍.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.