abdy_dayy
26.11.2022 13:16
Gadymy haýwanlar, hususan-da, dinozawrlar äpet göwrümleri bilen bellidir. Bu şol döwrüň tebigy ýagdaýlarynyň, howanyň amatlydygy bilen düşündirilýär.

Howada kislorodyň mukdary köp bolanda, äpet jandarlaryň ýaşamagy üçin amatly şertler döreýär. Uly göwrümli haýwanlaryň hereket etmegi üçin ýürek-damar ulgamy bilen dem alyş ulgamy köp möçberde kislorody işlemeli bolupdyr. Netijede, olar köp mukdarda energiýa sarp edipdirler. Şonuň üçin hem dinozawrlar ýaly örän uly jandarlar ýygy-ýygydan dynç almaly bolupdyrlar.

Howanyň üýtgäp, ýowuzlaşmagy bilen, uly göwrümli jandarlaryň ýaşamagy agyrlaşyp başlapdyr. Olaryň uzak wagtlap hereket etmäge ukypsyzdygy göçmegini kynlaşdyrypdyr. Netijede, kiçi haýwanlar howanyň amatly ýerlerine göçüp gidipdirler. Uly jandarlar bolsa uzak syýahata ýaramsyz bolupdyr. Bu olaryň ýok bolup gitmekleriniň bir sebäbi hasaplanýar.
29
142
ideallider
27 Noýabr 2022
Howwa. Aýtmaklaryna görä adamlar hem ahyry kiçelip, ýandagyň kölegesinde dynç alar derejä düşmeli ekenler. Düşnükli zat, kislorod öndürýän baglary köpeldenoklarda azaldýarlar👍
Marýam
27 Noýabr 2022
Bilemokdym 🦕👍
aymekel
26 Noýabr 2022
Taryh mugalymlaryñ maglumatlary gaty dogry òñem okapdym
aymekel
26 Noýabr 2022
Dinozawyr yzlary Kòytendagda ýerleśyamika ?
olia
26 Noýabr 2022
in sonky barlaglaryn netijesinde subut edilen zat:dinozawrlar perli bolupdyr. ullakan gowrumdaki kiwi gushuna menzeshrak. hatda meshur trinozawrda sheyle bolupdr. towuklar dinozawrlaryn neslinden diyen caklama indi ynansa bolar))
🤪CrAzYGIRLL🤪
26 Noýabr 2022
🦕🦕🦕🦕🦖🦖🦖🦖
🤪CrAzYGIRLL🤪
26 Noýabr 2022
sahyrlar_we_men,🙄🙄sheylemika bir ozi:)
sahyrlar_we_men
26 Noýabr 2022
Biologiya mugalymymyñ aydysyna görä- dinazwrlañ döwründe yer sary tiz wagtda yanypdyr. (Swedi yakyp göçüren yaly tizlikde) sonda kiçi jandarlar gowaklarda gizlenip yetisipdirler, beylekilerem yok bolup gidipdir.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.