Alyşir Nowaýynyň öwüt-nesihatlaryndan
Kim ylym okap, ony ulanmasa, ýeri sürüp, tohum sepmedik ýalydyr.
Ýalňyşlyk, hata etmek ynsan häsiýetine mahsusdyr. Kim ýalňyşyny aňlap, ägä bolsa, hatasy aýrylar. Kim delil gözläp aljyraberse, hatasy iki esse köpeler.
Bilmedigini sorap öwrenen alymdyr, soramagy kiçilik bilen özüne zalymdyr.
Beden keselleriniň köpüsi aşa iýmekdendir. Köňül keselleriniň esasy köp geplemekdendir.
Adamyň öz malyna guwanany özüniňkidir, saklany özgäniňkidir, muşakgat bilen gazananyňy özüňden aýamagyn!
Köňül hazynasynyň gulpy dildir we ol hazynanyň açary sözdür.
Az diýmek paýhasa sebäpdir, az iýmek saglyga sebäpdir. Agzyna gelenini diýmek nadanyň häsiýeti, agzyna gelenini iýmek haýwanyň häsiýeti.