BaýramBejidow
26.11.2022 00:16
Ejizlik erkege gelşenok welin,
Owaldan täleýi ýazylan hemmäñ,
Nämedir bir zatlar gysyp dur demim,
Men şu gün aglajak teselli bermäñ!

Ajy geçenlerim, duzsyz geljegim,
Sowatdy gursagmyñ ähli künjegin,
Ýalanlar göwnümi dildi, diljegin,
Men şu gün aglajak teselli bermäñ!.

,,Bagtym" diýenlerim, dertmi hile?,
Ýalñyşsam, mañlaýym diräp dur nile,
Gözimde ýaşlarym öwürip sile,
Men şu gün aglajak teselli bermäñ!

Haýyrsyz umydym öwürdi düñlä,
Ýadatdy şelaýyn ýalandan gülmäm,
Içimi içime sygdyryp bilmän,
Men şu gün aglajak teselli bermäñ!.

Ýüñ ýaly egirdim, durmuşum sütük,
Igledim geçmişiñ sütügin ütüp,
Gussaly gezmäne bahanam ýetik,
Men şu gün aglajak teselli bermäñ!.

Derdimi gatlaýan gasynlar üçin,
Ýaş gursak kineden basylýar neçün?,
Gülenme gynanan bahyllam üçin,
Men şu gün aglajak teselli bermäñ!...

Awtory: Baýram Bejidow
31
191
anna_77
26 Noýabr 2022
Hemma salam, gellik Mara, tanamadyk bar bolsa, hokman tanar
hangeldiyev
26 Noýabr 2022
Gülenme gynanan bahyllam üçin
Myhman Myhman
26 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
26 Noýabr 2022
Icimi icime sygdyryp bilman
ylham_gurbanaly
26 Noýabr 2022
Gaty gowy👏👏👏
butterfly
26 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻👈
Myhman Myhman
26 Noýabr 2022
Gòzumde ýaşlarym òvùrip sile, Men şu gùn aglajak teselli bermäñ..👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.