gunesh_
28.12.2023 12:14

Kim bu däli?


     Bir dünýä gözegňize getiriň, kiçijek! Gaty kiçijek, nähili kiçijek diýseňiz iňňäniň gözi ýaly diýip bilerin. Howwa tikin tikmek üçin ulanylýan iňňe.

    Bir adam sakgalyny aýyrandan soň, bir gylyny alyp, içini oýup, onuň içinede 3 mikron ululukda altyn motosikl ýerleşdirdi diýsem bu gaty samsyklyk diýip pikir edip bilersiňiz. Ýöne bu aýdanymy hakykatdanam eden biri bar.

   

    Willard Wigan 1957-nji ýylda Angliýada dogulýar. Ol doglanyndan köp zatlary öwrenmekde kynçylyk çekýän eken we orta mekdep günlerem o diýen gowy geçmändir. Ejesi ony her gün okuwa alyp gidende ol gaçyp okuwyň arka ýüzündäki bir külbede bukulýan eken. 5 ýaşynda şol ýerde ilkinji eserini ýasapdyr. Şol külbäň içinde ýaşap ýören garynjalar üçin öý.

    42 ýaşyndaky  Willard Wigan, mikro heýkelleri bilen kiçijek gudrat ýaratdy. Wigan hirurgiki gurallar ulanyp ýasan bu heýkellerini otluçöpüň başy, duz dänesi, adam kirpigi, haly tüýi, kerep, öli siňek... ýaly zatlary ulanyp ýasapdyr. Ulanan materiallary bir tarapa, ýasaýan wagty ýürek urşuny we dem alşyny hem sazlap ýasaýar. Has gowy ýasamak üçin köp ýyl işländigini we ýürek urşuny haýallaşdyrmagy öwrenendigini aýdýar. Her bir eserini 20 sagatda tamamlaýan Wiganyň heýkelleriniň arasynda Çarli Çaplin we iňlis korolynyň maşgalasynyň ähli agzalary diýen ýaly bar.

    Kiçijek zatlar, hatda biziň \"hiç\" diýen zatlarymyz hem onuň ünsüni çekýär, giň fantaziýaly dünýägaraýşy bilen birleşende akyl almaz derejedäki işler ýüze çykýar. Iňňäniň gözünde ýasalan heýkeljikler  ýa-da sahnalar diňe mikroskop astynda görünýär. Onuň bir heýkelini tamamlamagy 1 aýyny alýar. Soňky eseri Amerikanyň öňki prezidenti Barak Obama we onuň maşgalasy.



Siziň pikiriňizçe bu dälilikmi?

57
449
gunesh_
29 Dekabr 2023
Geçen ýylky postum bu ýyl trenda çykypdyr 😅
gunesh_
29 Dekabr 2023
@ooof, dogry 🙂👍
ooof
28 Dekabr 2023
3gezek diýdiler ussat ussat ussat Kerim şahyryň su sözler bu adama gaty mynasyp
loona_girl
28 Dekabr 2023
gunesh_
28 Dekabr 2023
Öňki postuma surat goýupdym welin täzeden paýlaşylypdyr
gunesh_
28 Dekabr 2023
@loona_girl, hut şeýle:)
lavinya_
28 Dekabr 2023
Täsin 👍🏻
loona_girl
28 Dekabr 2023
@jemal_seyitniyazowa, @jeren_seyitniyazowa,ikiňiz doganmy siziň🙄
ideallider
27 Noýabr 2022
Baha bermäne aňym çatanok👍
wolf
25 Noýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.