ylham_gurbanaly
25.11.2022 08:23
Güýz gijesi.
Adaty gün.
Noýabr.
Ümsümlik gurşapdyr töwerek-daşy
Şemalyňam ýadandygy bildirýär,
Agaçlaram häzir yranok başyn

Aýam bu gün asmanymda görnenok,
Müdümilik giden ýaly - terk ede
("Senden gowy meniňem bir aýym bar"
diýenime, öýkeländir ol, belki-de)

Kütek gözler ýollaryma garaýar,
Geljege garaýan a:ýdyň göz bilen
Sebäp, her kim bolup biler ýeňşe ýar,
Bu durmuşda kynçylyga döz gelen

Saňa barýan ýollaň kötellerinden,
Aşyp, saňa basym barasym gelýär
Hemem pursat bolsa,
sypdyrman elden
Ýalňyzlygy daşlap urasym gelýär

Günler geçer sagadyny jylawlap,
Geçenlerem, geçjeklerem - göýä bir
Sensizlikde yşksyz kalbym gyrawlan,
Güýz gijesi.
Adaty gün.
Noýabr.



Ylham GURBANALYÝEW
24
115
Myhman Myhman
3 Dekabr 2022
😍👍😍👍😍👍😍👍😍👍
ylham_gurbanaly
25 Noýabr 2022
Myhman Myhman, Salam
Myhman Myhman
25 Noýabr 2022
Salam
HangeldiAmanberdiýew
25 Noýabr 2022
👏👏👏👏👏👏👏👏
Myhman Myhman
25 Noýabr 2022
Govy goşgy👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.