Soraň, ony mana etjek
Haram bolsun käne ýetjek
Kyna galyp näme etjek?,
Her kim ýeňlin tapan boldy
Boýun bolduň täze pişä
Aldanma ol melgun iş-ä
Gark bolansoň iki çüýşä
Bar derdini ýapan boldy
Namyssyz öň beren teni
Galmady hiç onuň geňi
(Halk hyzmatda gezen lebi)
Gelin edip öpen boldy
Kä öňe, kä yza bakýan
Bolýan döwre içim ýakýan
Çopandy öň goýny bakýan
Indi goýun çopan boldy
Bilmen kaýda goýduk hata
Wyždan barýar barha gatap
Görüplikden içi tütäp,
Ýaş nahaly çapan boldy
Ene-ata sözi perman
Gezmekçi däl, geljek arman
Öz pyntygnyň göwnin bilmän
Del agaja sapan boldy
Köp geýmekçi çala geýmän
Köp iýmekçi çala iýmän
Halal-haram ýerni duýman
Öz nebsinden gopan boldy
Pikirler apat böwürde
Galmady takat sabyrda
Adalat diňe gabyrda
Hemmä-de deň kepen boldy
Ylham GURBANALYÝEW