Hiç wagt öz şowsuzlygyň sebäbini özgelerden
agtarma. Hatda biri bilgeşländen saňa badak
atýan, büdretmäge hyýallanýan ýaly
görünsede, sen özgeleri ýazgarma. Gadymdan
gelýän bir söz bar: “Olar ýamanlyk diýip edýär,
bize ýagşylyk bolup ýetýär”. Eger birbada başa
barmaýan bolsa, onda biz şu ýagdaýymyzda
az-kem eglenip, başgaça pikirlenmelidiris.
Dürli ýollaryny, usullaryny saldarlap
görmelidiris. Emma biz özümiziň
nogsanlygymyzy we egsikligimizi aklamaga,
bahana tapmaga şeýle bir ussat bolup
gidipdiris.
Käbir adamlary göreniňde, muňa-da şükür
edýärsiň. Şeýle bir kişiler bar, olar diňe
özlerini aklamak, özlerini hemişe hakly we
dogruçyl edip görkezmek bilen çäklenmän,
gaýta pikir-düşünjesini dogry tarapa
üýtgetmek isleýän we oňyn özgerişlere
uýgunlaşmak isleýänleriň hem umydynyň puç
bolmagyna sebäp bolýarlar.