Olka
24.11.2022 16:42
Ýaşarsyñ kä ýeñip kate yykylyp
Ömir bar yerinde hokman goreş bar
Bir zady duy,basan cagy yekelik,
Ejeñ elmydama saña garaşyar.

Ejesiz öýlerde mähir göýdüger,
Bir yylgyrşy bilen ömri söýdirer.
Belkide duydurmaz, belki duydurar,
Ejeñ elmydama saña garaşyar.

Käbäñ barmy sende dünýäñ genji bar,
Hoş soze keyp edip göwnim eljirär.
Nurly gözün dikip gapa,penjirä,
Ejeñ elmydama saña garaşyar.

Görmäge gel,unudyp ara daşlygyn,
"Ejem..." diyseñ rugsat berer başlygam.
Körpemiñ,juwanmyñ, ya çal saçlymyñ,
Ejeñ elmydama saña garaşyar.

Belki ikilikdir ilden bahalañ,
Ýazgaryarka bütin älem- jahanam,
Senden hemme kişiñ ýadan mahalam,
Ejeñ elmydama saña garaşyar.

Aw Kerim Hally
13
54
Olka
25 Noýabr 2022
Bitter eysem eje dünýäñ diregi dälmi näme hemme adamam eje yaradya
maral
24 Noýabr 2022
👍👍👍like
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.