Maýa06
23.11.2022 23:41
Heniz 1820-nji ýylda Antarktida materigi açylan hem bolsa onuň polýusyna(merkezine) heniz ýetibilen ýokdy. Antarktidanyň polýusyna ýetmek örän kyndy. Ol ýere birnäçe syýahatçylar baryp polýusy ilkinji gezek açmak isleýärdiler. Şeýle syýahatçylaryň biri hem iňlis Korol deňiz flotunyň ofiseri we polýar barlagçysy kapitan Robert Skottdyr. Ol polýusa ýöriş etmek üçin motorly lyžalar, 10 sany ýaby we birnäçe it goşulan diňe bir lyža taýýarlady. Syýahatçylar günorta polýusa tarap 1911-nji ýylda ýola çykdylar emma olara nähili şowsuzlyklaryň garaşýandygyndan habarsyzdylar. Motorly lyžalar tiz wagtda döwüldiler we haýwanlar bolsa entek munuň ýaly sowuga taýýarlyksyzdylar. Dekabr aýlarydy(Antarktidada tomus aýlary bolýar). Skott dört ýoldaşy bilen köp ýük ýüklenen lyžany özleri süýreýärdiler. Örän agyr ýagdaýy başdan geçirýärdiler. Şonuň üçin olar polýusa tarap örän haýal hereket edýärdiler.
Emma olar uzakdaky materikde ýeke däldiler...
Edil olar ýaly başga bir syýahatçylar topary hem günorta polýusy açmak üçin ýola çykypdylar. Olar norweg syýahatçylar bolup olara norweg polýar barlagçysy Rual Amundsen ýolbaşçylyk edýärdi. Amundseniň topary hem 1911-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda dört ýoldaşy bilen it goşulan dört sany lyžada ýola çykypdy. Köp horluklara sezewar bolup olar şol ýylyň dekabr aýynyň 14-ne Günorta polýusa ýetipdiler. Norweg syýahatçylary ol ýerde üç gün bolup yzyna dolanypdyrlar.
Emma iňlis syýahatçylaryň ykbaly başgaçady...
Olar köp kynçylyklardan soň 1912-nji ýylyň ýanwar aýynyň 16-syna Günorta polýusa ýetipdiler. Emma olar polýusa ýetenlerinde norweg baýdagyny görüp örän uly ruhy çökgünlige sezewar bolupdylar. Üstesine-de ýolda örän uly tupan turupdy. Ägirt güýçli harasat, gar syrgynlary, güýçli ruhy çökgünlik, açlyk höküm sürýärdi. Olar azyk we ýangyçly düşelgelerine 20 km ýol galanda olar azaşdylar we heläk boldular..
Olaryň ölen jesetleri ol ýerde 8 aý galypdy. Skottuň toparynyň azaşandygyny aňanlaryndan soň olaryň gözlegine ibermek üçin syýahatçylar toparyny iberdiler. Olar Skottuň we toparynyň çadyryň içinde doňup galan jesetlerini tapýarlar.
Robert Skottuň gözlegine çykan syýahatçylar olaryň bolan ýerinde gaýduwsyz adamlara ýadygärlik dikip onuň ýüzüne:

GÖREŞMELI, GÖZLEMELI,
TAPMALY, JANA DÖZMELI....—
diýen setirleri ýazypdyrlar.
40
237
Myhman Myhman
8 Dekabr 2022
Hehe Bolýa:))
Maýa06
8 Dekabr 2022
Myhman Myhman, tamam sessiz gitmenide sonra konuşuruz
Maýa06
8 Dekabr 2022
Myhman Myhman, Gmail a bir ýazyp dur bormy😢
Myhman Myhman
8 Dekabr 2022
Heheh tamam gmailyma arkayyn yazay:)) menem yazarn yani ozletmem🙃
Maýa06
8 Dekabr 2022
Myhman Myhman,😢
Maýa06
8 Dekabr 2022
Myhman Myhman,girmeseň meň bilen hal ahwal soraşyp dur çok özletme kendini tamammı
Myhman Myhman
8 Dekabr 2022
Yok indi girmernlay
Maýa06
8 Dekabr 2022
Myhman Myhman,gireňok my indi öz adyň bilen
Myhman Myhman
8 Dekabr 2022
Bende Iyiyim:))
Myhman Myhman
8 Dekabr 2022
Ay cykmaly bollum, ay myhman bolubam kan giremoga ka wagt post görmek üçin giryan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.