barlagcy
23.11.2022 21:45
Ynsana bagt uçin nämeler gerek?
At gerek, ýol gerek hoş hyýal bilen.
Her goşgymda kämil bolmana derek,
Onuň barha kyn düşýänne razy men.

Razy — çynym bilen sadany söýýän,
Razy — halal saçagymda çöregim.
Razy — çalarypdyr saçlarym eýýäm,
Razy — hernä üýtgemändir ýüregim.

Razy — günler ýüpek sowsana döndi,
Razy — ýüregimde özgäň agysy.
Razy — «Mydam Güneş bolsun-a» doldy,
Asman bilen şu zeminiň arasy.

Razy — köp büdredim çaga mysaly,
Ýalňyşdym, ökündim ilkibadalar.
Şonda gökden inen perişde ýaly
Duşdy maňa oňat-oňat adamlar.

Razy — köçelerim, ýüregim ýagty,
Razy — kükregimde diňenok owaz.
Berdi maňa bir ömürlik bu bagty
Geçip barýan ýaşlyk, geçip barýan ýaz.

Razy — joşdum topragymyň toýunda,
Duzuny syladym, sowuşdym ýasyn.
Eziz maňa şu topragyň goýnunda
Wysal bolan hem bolmadyk yhlasym.

Gerekli pursatym indim äleme,
Begendim, söýüldim, çekdim men zary.
Ine, şu zatlaryň meniň täleýme
Miýesser edenne müňde bir razy.

Gurbannazar Ezizow
28
104
Myhman Myhman
24 Noýabr 2022
Gowy gosgy👍👍
Olka
24 Noýabr 2022
Barlagcy ⭐ mld
Myhman Myhman
23 Noýabr 2022
Salam govy gosgy yenede goysana basga gosgular okamana doymadym
Myhman Myhman
23 Noýabr 2022
Gowja gosgy🥰
wolf
23 Noýabr 2022
👍🔥👍🔥👍bet
Myhman Myhman
23 Noýabr 2022
Gaty gou
Lalın
23 Noýabr 2022
Razy kocelerim yuregim yagty 🙂 gowy gosgy 👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.