Paradise
23.11.2022 11:29
Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,
Dilegleriň bilen ganatly guş men.
Asman bilen zemin gapyşan çagy,
Seniň dilegleňden tapýaryn yş men.

Sen maňa ýene-de, dileg et, Käbäm,
Säherde-sabada, şamda-şapakda.
Seniň bilen hiç gorky ýok, ürki ýok,
Panynyň silleri galýar topukda.

Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,
Diýäýme: «Kemiň ýok, ýetenok nämäň?!»
Dilegleň dergähde kabul bolanda,
Nuhuň tupanyna döz geler gämäm.

Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,
Dilegli bendesin Alla ýalkandyr.
Seniň keramatyň, doga-dilegiň,
Peýkamlaryň oklaryna galkandyr.

Sen maňa dileg et, dileg et, Käbäm,
Dilegde ulalyp oňalanyň men.
Dilegleň bolmasa dünýäň hubbatyn,
Mähribanym, nädip oňaraýyn men?!
47
84
Myhman Myhman
23 Noýabr 2022
Zuleyha Kakayewanyn aydymy
sanjar_officiall
23 Noýabr 2022
The best🤩
ebru
23 Noýabr 2022
Gowy goşgy👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.