dream_
23.11.2022 09:41
Dünýä ýurtlarynda salamlaşmagyň aýratynlyklary

Edil biziň halkymyzda bolşy ýaly, dünýä halklarynyň-da salamlaşmakda öz milli aýratynlyklary bar. 

Ýapon halky baş egip salamlaşýarlar. Ýokary derejeli adamlara salam berenlerinde, olar başyny has aşak egmek bilen çuňňur hormatyny bildirýärler. Orta we ýeňil derejede baş egmek arkaly salamlaşmak bu halka mahsus edepliligi görkezýär.


Ondan başga-da, ýaponlar irden sagat 10-dan agşam 6-a çenli aralykda salamlaşanlarynda, «Gündiziňiz haýyr!» diýen manysynda «konnitawa!» diýýärler. Şondan soň bolsa «Agşamyňyz haýyr!» diýen manysyndaky «kombanwa!» diýen söze geçýärler.



Taý halky salamlaşanlarynda, eliniň aýasyny biri-birine degrip, döşüniň deňine eltýärler hem-de çalaja baş egip, «waý» diýýärler. Ellerini näçe ýokary göterseler, şonça-da garşysyndaky adama goýulýan hormatyň uludygyny görkezýär.



«Waý» sözüniň dowamlylygy-da salam berilýän adamyň derejesine bagly. Sylagly, derejeli adamlar bilen salamlaşanlarynda, erkek adamlar başyny adaty ýagdaýa görä aşagrak egýän bolsalar, taý zenanlary gysga dyz epimleri bilen öz mylakatlylygyny mälim edýärler.

Hytaýlylaryň salamlaşmak däplerini synlan adamlar onuň ýaponlaryň we taýlaryň salamlaşmak düzgünlerine meňzeýändigini tassyklasa gerek. Ýöne, üns berseň, hytaýlylar köplenç sag eliniň ýumrugyny çep eliniň barmaklary bilen gurşap, döşüniň üstünde saklaýarlar we bir gezek baş egmek bilen salamlaşýarlar.



Şeýle hem Hytaýda salam hökmünde: «Siz nahar edindiňizmi?» manysyndaky aýtgy ýörgünlidir. «Edindim» diýlip jogap berilmegi ýagdaýyň gowudygyny aňladýar.

Aşgabatda geçirilen V Aziýa oýunlaryna gatnaşan ada döwletleriniň biri bolan Polineziýanyň ýaşaýjylary biri-birleri bilen duşuşanlarynda, burunlaryny degrip ysgaşýarlar we biri-biriniň arkalaryny sypaýarlar. «Burun arkaly» salamlaşmak Finlýandiýanyň prowinsiýasy bolan Laplandiýanyň ýaşaýjylaryna hem mahsusdyr

Şeýle salamlaşmak Täze Zelandiýanyň ýerli ilaty bolan maori taýpasynda hem mahsusdyr.

Gündogar Afrika döwleti bolan Keniýada ýaşaýan masai taýpasy myhman garşylanlarynda, özleriniň «adamu» diýip atlandyrylýan böküş tansyny ýerine ýetirýärler. Onda oglanlar aýlaw görnüşinde düzülip, myhmanlara öz taýpasynyň güýjüni we başarnygyny görkezmek üçin öz aralarynda ýokary bökmek boýunça ýaryş guraýarlar. Aýlawa girýän her täze tansçynyň böküşi özünden öňkülerden beýgelýär. Tansçylar her gezek böküp, ýere düşenlerinde «häh, wäh» ýaly manyda gygyryp ses edýärler.

Masainiň gyzlary bökmeýärler, ýöne olar hem hatara düzülip, aýdym aýdýarlar we aýaklaryny ýere urup tarpyldadýarlar.
30
56
melek06
23 Noýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
wolf
23 Noýabr 2022
👍🔥👍🔥👍bet 😮👏👍
🤪CrAzYGIRLL🤪
23 Noýabr 2022
How do you do!:)😌
sanjar_officiall
23 Noýabr 2022
Onda size waaaaaaaaayyyyyyyyyy🤚
Lilia_
23 Noýabr 2022
Gyzykly maglumat atdaşym. Burynlaryny degrip ysgaşyp salamlaşmak🤦🏻‍♀️🤦🏻‍♀️ gaty täsin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.