unknown_12
22.11.2022 01:44
Ýagşy aýal ýaryň bolsa...

Görjegiñä bagt bolar,
Ýagşy aýal ýaryñ bolsa.
Ykbal saña nagt güler,
Ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

Öñde durar gyzgyn çaýyñ,
Yzyndanam nahar taýyn,
Aýratyn bor seniñ paýyñ,
Ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

Kä bişirer manty, börek,
Et iýersiñ, ota derek,
Saçagyñda gyzgyn çörek,
Ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

Münersiñ ýagly BMW,
Gam gussa bolmaz sende,
Galkynyp ýaýnar bende,
Ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

Çagañ bolar ýedi, sekiz,
Käsi ýeke, käsi ekiz,
Göwräñ adam, güýjüñ öküz,
Ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

Bolmaz bazar meselesi,
Ýuwaş çykar tabak sesi.
Sen bolarsyñ öý eýesi,
Ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

Gül pürküler tamlaryñdan,
Gül pürküler kän ýeriñden.
Pul azaşmaz sanlaryndan,
Ýagşy aýal ýaryñ bolsa.

Tapylar bar derdiñ emi,
Ýaşamarsyñ 100-den kemi,
Gahryñ gelse almaz demi,
Ýagşy aýal ýaryñ bolsa

Beýle aýal bilseñ ýek:dir,
Käbirleri diñe görkdir,
Senem ýeriñde erkek dur,
Ýagşy aýal ýaryñ bolsa.
18
112
ylham_gurbanaly
22 Noýabr 2022
gulshatayewa97, hakyky)
Myhman Myhman
22 Noýabr 2022
Unkinown , agam ymykly bloklapdyr admin meni diňlemän Serdarhan diýip agzaň boş arzalarna😭
unknown_12
22 Noýabr 2022
unknown_12,нам болды бейле
Myhman Myhman
22 Noýabr 2022
Kowdylar içerden daşaram sowuk 😭
Myhman Myhman
22 Noýabr 2022
Unkinown , agam girip bilemok indi😭
unknown_12
22 Noýabr 2022
zolushka,сагбол миннетдар😊👍2001,gulshatayewa97,догры. Болуп билер. Мумкин олам бир дурмуш сынагыдыр.
gulshatayewa97
22 Noýabr 2022
Berdinazar Hudaýnazarow welin "Ýagşy äre Ýagşy ýarlar nesip däl, bu çyn ýöne agzap durmak uslyp däl"...
gulshatayewa97
22 Noýabr 2022
Köplenç şeýle bolýa namarda duş etdiň ýaryň ýagşysyn dýä Magtymguly
2001
22 Noýabr 2022
Ýagşy aýl gördüm Jennet yaly ayal ýöne äri gadryny bilme.Iki ýagşy bir birine sataşmaz diýleni çynda🥺
zolushka
22 Noýabr 2022
Nesip etsin sizede😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.