hangeldiyev
22.11.2022 01:12
Kakam şeýle gürrüň bererdi

Uzak dag obasyndan gelen bir dagly kakamyň ýanyna gelip, oňa goşgy okap berip başlapdyr. Kakam bu dörän täze şahyryň goşgularyny üns bilen diňläp, gowşak ýa-da halys ejiz ýerlerini görkezipdir. Soňra: “Sada obasyndan bolan Gamzat bu goşgulary şeýleräk ýazardy” diýipdir.
-O-how, mähriban Gamzat, onuň ýaly ýazmak üçin talant gereg-ä- diýip, dagly seslenipdir.
-Aýdyşyň ýaly, seňki dogry, birneme talant bolsa-ha, kemlik etmezdi.
Gamzatyň kinaýasyna düşünmedik dagly:
-Eýsem, ony nireden almaly?-diýipdir.
-Şu gün dükanlara-ha aýlanyp gördüm, olarda-ha ýok eken, belki, bazarda bardyr.
Adam talanty nireden alýar? Belli däl. Ony asman berýärmi ýa-da Zemin? O-da belli däl.Belki, ol asmanyň hem ýeriň ogludyr? Talantyň adamyň niresinde ýerleşýändigi-de nämälim. Ol ýürekdemi, gandamy ýa-da beýnide? Belki, ol adam doglan badyna onuň kiçijik ýüreginde ornaşýandyr ýa-da adam soň-soňlar Zeminiň üstünde kän ýol geçip, ony tapýandyr? Talanta näme medet berýärkä: söýgümi ýa-da ýigrenç, şatlykmy ýa-da hasrat, gülkimi ýa-da gözýaş? Ýa-da bularyň bary hem talantyň ösmegi we kämilleşmegi üçin zerurmy?
Ol nesil yzarlaýarmy ýa-da adamyň gören, eşiden, duýan,okan, başdan geçiren, akyl ýetiren zatlarynyň esasynda, şularyň netijesinde emele gelýärmi? Zähmetiň netijesimi ýa-da tebigatyň oýnumy? Doglaňda berilýän gözüň reňkimi ýa-da maşk etmek bilen dörän myşsalar? Bagbanyň irginsiz kyn zähmeti bilen ýeyişdirilen alma agajymy ýa-da oglanjygyň eline daragtdan düşen almanyň özi?
Talant şeýle bir syrly zat bolup, bu syra hemmeler Zemin hakda, onuň geçmişi we geljegi hakda, Gün hem ýyldyzlar hakda, ataş hem güller hakda, hatda adam hakda hemme zady bilenlerinde, ahyrsoňunda talantyň nämedigine, onuň nireden alynýandygyna, nirede ýerleşýändigine, onuň näme üçin ala-böle bir adama berlip, başga birine berilmeýändigine göz ýetirerler.
Talantly iki adamyň talanty biri-birine meňzemeýär, eger meňzeş bolsa, ol talant däldir. Talant adamlaryň daşky görküniň meňzeşligine bagly däldir. Men ýüzi kakamyňka meňzeş adamlary kän gördüm, ýöne olarda kakamyňky ýaly talant görmedim.
Talant nesilden-nesle miras geçmeýär. Eger geçýän bolsady, onda sungatda hem nesil şalyklary dörärdi. Dana kişilerden akmagyň dogulýandygy az däl, käte “akmak” diýilýän adamdan hem akyldar kişi dogulýar.
Talant adamda orun alyp, onuň ýaşaýan döwletiniň belent mertebesi hakda ýa-da halkynyň sany hakda soramaýar. Onuň gelşi örän seýrek we duýdansyz, geň-enaýy, göýä diýersiň, ýyldyrymyň ýagtysy ýaly, ýagyşdan soň döreýän älemgoşar ýaly ýa-da tebsiräp ýatan topraga jan berýän ýagyş ýaly.


Resul Gamzatow


(Dowamy bar)
14
125
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.