BaýramBejidow
22.11.2022 01:09
Öýkelem bilen elleşjek,
Şu gün maña hiç zat diýmäñ!,
Özim bilen jedelleşjek,
Şu gün maña hiç zat diýmäñ!.

Tekçe ýaly açyp-ýapyp,
Del sözleñ deñinden ötüp,
Ýatjak öz suratym öpip,
Şu gün maña hiç zat diýmäñ!

Goý, gülsin bahyllam maña,
Ýeter-le dahyllam saña,
Höwes bilen batjak gama,
Şu gün maña hiç zat diýmäñ!.

Hassa kalbym, dermany ýok,
Bagt hakda permany ýok,
Ýaş göwnimiñ armany köp,
Şu gün maña hiç zat diýmäñ!.

Erkim bilen erkleşjek,
Nebsi telbä örikleşjek,
Ruhym bilen şertleşjek,
Şu gün maña hiç zat diýmäñ!.

Närazy däl ömirdenem,
Ýüregim däl demirdenem,
Taldan tanap egirsemem,
Şu gün maña hiç zat diýmäñ!.

Awtory: Baýram Bejidow

19
165
butterfly
23 Noýabr 2022
BaýramBejidow,bolia gayrat edayin onno. Sag bolun kop kop minnetdar.
BaýramBejidow
23 Noýabr 2022
butterfly, başardygymdan synanyşaryn nesip bolsa
butterfly
23 Noýabr 2022
BaýramBejidow,joramyn doglan gunu bar yakynda. Ady Aysohle sona degisli edip duzup bolmayamy
BaýramBejidow
23 Noýabr 2022
butterfly, kyn däl näme hakynda bolmaly?
butterfly
23 Noýabr 2022
BaýramBejidow,kyn gormeseniz gosgy duzup berayin 2 bent
BaýramBejidow
23 Noýabr 2022
butterfly, salam baş üstine
butterfly
22 Noýabr 2022
BaýramBejidow,salam. Sizden hayysym bardy
zolushka
22 Noýabr 2022
🤐🤐......
BaýramBejidow
22 Noýabr 2022
Teswir ýazmañ-a diýmedim men
2001
22 Noýabr 2022
Cyndanam hickim hiczat diýmändireý🤭
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.