Altyn balyk we şahyr hakda tymsal
“Işi şowuna düşmeýän bir şahyr deňzinden altyn balyk tutupdyr” diýip, gürrüň berýärler. -Eý, şahyr, şahyr- diýip, altyn balyk özelenipdir.Şahyr oňa: - Azat etsem , deregine näme berersiň? – diýipdir. Ähli pynhan arzuwlaryň hasyl bolar.Şahyr şatlanyp, altyn balygy suwa goýberipdir. Şondan soň şahyryň edeni ugruna bolup başlapdyr. Goşguly kitaplary yzly- yzyna neşir edilipdir. Ol derrew şäheriň içinde bir jaý salnypdyr, daşyndanam bir oňat daça edinipdir.Şahyryň döşüni ordenler, “ Zähmetde edermenligi üçin” diýen medal bezäpdir. Ol ile meşhur bolupdyr, adyny eşdenler tanapdyr. Ol uly wezipäni eýeläpdir. Bütin dünýä, göýä bişirilip, üstüne sogan dogralyp, limon sepilen çişlik ýaly, onuň öňünde taýyn bolupdyr. Eliňi uzadyp al-da, hezil edip iýiber.Ine, günleriň bir güni ol hem akademik, hem deputat, hem laureat bolanda, aýaly oňa:-Wah, bu zatlaryň üstesine sen altyn balykdan ýene talantam dileseň bolmaýarmy?-diýipdir.Birdenkä şahyr aňyna aýlanyp, şu ýyllaryň dowamynda özüne ýetmedik zadyň nämedigine düşünen ýaly bolupdyr. Ol ylgap, deňziň kenaryna baryp:-Eý, balyjak, balyjak, birazajyk talant hem bersene – diýip, altyn balyga ýüzlenipdir.-Ähli islän zatlaryňy men saňa berdim.Indiden beýlägem näme isleseň, berip bilerin. Talanty welin berip bilmerin. Çünki meniň özümde-de şahyrçylyk talanty ýok- diýip, altyn balyk jogap beripdir.Diýmek, talant ýa bar, ýa-da ýok. Ony hiç kim beribem bilmeýär, yzyna alybam.Talantly bolup dogulmak gerek. Tylla balygyň merhemetine duçar bolan şahyrymyz tiz wagtdan özüni tawus ýelegine beslenen garga ýaly duýup başlady. Älemgoşar kimin ol emeli gözellik sähel salymda ýere döküldi, onuň ýelekleri-de ýuwaş- ýuwaşdan düşüp, şol bolşundanam beter bolup, öňküliginem ýitirdi.Köp gaýtalanyň bilen aýat-doganyň güýji gaçmaýar. Şonuň üçinem men ýene-de gaýtalaýaryn: ýazmak üçin talant gerek. Eger-de ol tylla balykda-da ýok bolsa, eýsem, ony nireden aljak?!
Resul Gamzatow
(Dowamy bar)