Albert Eýnşteýn diýilende ilki näme ýadyňyza düşýär?
Köpümiz Eýnşteýn diýilende şu meşhur surat ýadyna düşýär. Bu surat Princeton uniwersitetinde Eýnşteýniň 72-nji doglan güni mynasybetli geçirilen oturlyşykda düşürilipdir. Oturlyşygyň soňunda žurnalistler onuň çykmagyna garaşyp duran ekenler. Eýnşteýn oturlyşygyň dowamynda surata düşüp, ýylgyrmakdanam ýadapdyr. Ol ýerden çykyp, üýşüp duran žurnalistleriň arasyndan zorluk bilen geçip, ulagyň arkasynda oturypdyr we žurnalistleriň içini ýakmak üçin olara seredip dilini çykaryp, arkasyna öwrülipdir. Birki sekuntlyk hadysany habarçy Artur Sasse çaltlyk bilen surata düşürmegi başarypdyr. Eýnşteýn Sasseniň düşüren bu suratyny gowy görüpdir we şahsy gutlag kartlary üçin suratyň 9 kopiýasyny alypdyr. Suratlaryň köpüsinde onuň diňe ýüzi görünýär.
Eýnşteýn bu suratlaryň birini şol žurnalist üçin gol çekip berdi. Şol gol çekilen surat 2017-nji ýylda 125000 amerikan dollaryna satyldy.