BaýramBejidow
21.11.2022 10:14
Soñky wagt köp zat çaşyrýar başym,
Kelte köýneklini geñlän göremok,
Köpler ýalan sözi edindi moda,
Halaldan elleri heñlän göremok.

Hakyñ kelamyndan gizläp çözümi,
Agzyny açýalar ýumup gözüni,
Ähli dört setirde diýjek sözüni,
Ýekeje sözünde jemlän göremok.

Nirä çekýälerkä hallanlan döwri,
Barha berkleşýär ýürekleñ düwni,
Ençe ejir bilen ýykylan göwni,
Hoşamaýlyk bilen emlän göremok.

Her kim bir-birekden köñüli sowan,
Garyba teññe-de görlenok rowa,
Paýyş söz bolupdyr dillere doga,
Käte öz kemini kemlän göremok.

Aýdylýan akyllañ agramy saman,
Köpleñ gursagyndan ak ýaly gazan,
Gürletseñ döwür ýa zamana azan,
Emma ýagşy sözi diñlän göremok.

Pikirler täzeçe, dessurlar köne,
Dereksiz gözýaşlar öwrüldi köze,
Bir gün gülünjegne ynam bar, ýöne,
Her kim eñreşip ýör, diñýän göremok...

Awtory:Baýram Bejidow
21
190
Myhman Myhman
24 Noýabr 2022
Kópler yalan sózi edindi moda Halaldan elleri heñlän góremok .👍👍
BaýramBejidow
21 Noýabr 2022
kowser, imo ýazaý açdym ine
BaýramBejidow
21 Noýabr 2022
+99362426917
BaýramBejidow
21 Noýabr 2022
kowser, başga nirde maslahat berip bilerin sizde jañ ediñ diýäýmesem
Myrataly
21 Noýabr 2022
👏👏👏👏👏👏👏👏
BaýramBejidow
21 Noýabr 2022
kowser, nomer ulanýañyzmy?🤦🏻‍♂️
BaýramBejidow
21 Noýabr 2022
kowser, ICQ girýäñizmi?
BaýramBejidow
21 Noýabr 2022
kowser, onda nirede kömek edip bilerin
BaýramBejidow
21 Noýabr 2022
ideallider, minnetdar agam
ideallider
21 Noýabr 2022
BaýramBejidow, tüweleme. Adminler näçe "Dereje almak üçin plança baallara ýetmeli" diýibersinler. Seňki 6000 bolmasada ýyldyz alypsyň berekella. Gutlaglar😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.