Kerim Hallyýew
Türkmen zenanlaryna ynanmaň!
Hiç haçan ynanmaň türkmen gyzlarna,
"Söýýän" diýen çagyň, "söýýemok" diýse.
Damarda çogýarka namys, uýady,
Bir urnuşda "Söýýän" diýermi eýse.
Ynanmak zerur däl türkmen gelnine,
Diýse "Ärim öýüň sütün, diregi.
Aslynda ojagyň ýükün deň çekip,
Goldaýandyr türkmen birek-biregi.
Ynanaýmaň "men dok" diýip çagasyn,
Naharlaýan bolsa türkmen zenany.
Olar açlykda-da perzendin doýrup,
Şolaryň gözünden iýýändir nany.
Agtyklaryn ýygnap türkmen kempiri,
Ýylgyryp gadymdan gürrüň açanda.
Ynanmaň ol ýalan ýylgyryşlara,
Görkezmezler gözden düwme gaçanda.
Çünki mertlik synmaz, dişi synsa-da,
Ýyllar dyrmasa-da mähirli ýüzün.
Şeýle gudrata-da aýyp ýapylsa,
Ynanmaň!
Diňlemäň olaryň sözün!