Goh we galmagalyñ ortasynda sessizlik bilen hereket et. Sessizligiñ içinde rahatlygyñ bardygyny unutma. Peýda gelmesede hemmeler bilen dost bolmaga çalyş. Emma hiç kime tabyn bolma. Howlukman we owadan gowy sözleri saýlap seçip gürle. Başgalarada gulak as. Manysyz we düşünjesiz gürlän mahaly hem diñläñ olary. Çünki dünýäde her kimiñ bir hekaýasy bardyr. Diñeje planlaryñ däl, üstünlikeriñ hem lezzetini duýmaga çalyş. Nähili kiçi bolsada işiñ bilen gyzyklan, ol seniñ durmuşdaky daýanyp biljek zadyñdyr. Boluşyñ ýaly görün. Söýmedik wagtyñ söýýän ýaly etme. Asla Yşkdan boýun gaçyrma. Ol çöl ortasyndaky çemenlikdir. Ýyllaryñ geçýändigine gaharlanma, ýaşlygyña gelişýän zatlary ýylgyryp geçmişiñde galdyr. Görmäge hereket et. Bütin erbetliklerine kynçylygyna garamazdan ýenede dünýä gözel.
Ýyldyzlaryň garaňkylygyň içinde parlaýşy ýaly garyplygyň içinde-de sadalyk we beýiklik bilen parlaýan ruhlar bolup bilmezmi? Bir kalp, söýmegi üçin hökman baýlyga, asylzadalyga mätaçmi? Meniň pikirimçe iň hakyky ykbal, ruhuň aýnasy bolan owadan gözde, iň uly baýlyk kalbyň duýgularyny görkezýän gül reňkindäki dodaklardaky ýylgyryşdyr.
Müñ sany gurluşykçy binägär(arhitektor) bir ýere gelip jemlensede gözüñ ýaly surata(kamera) alyp bilmez. Bir sungat adamy suratkeş gelse iñ kän biri birinden tapawutly müñ sany surat çeker we özüni täzeden gaýtalamaga başlar. Sen gözüñden gulagyña, aýagyñdan eliñe hatda barmak yzlaryña çenli 8milliardyñ içinde birje sanysyñ we gözelsiñ. Sen Allatagallanyñ ýeketägisiñ.