ylham_gurbanaly
20.11.2022 10:38
Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Ýolumy saklamaz böwediň birem

Sapa Hommadow

*****
Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Saklap bilmez duýgularyň birisäm
Gidenimden ölýän bolsa, goý ölsin!
Hassa ýatan arzuwlarmyň dirisäm

Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Ýalan gurşan dünýäňi-de terkedip
Onsuzam irdim men. (degnama degdi)
Boşdan-boşa umytlary tirkedip

Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Saklama sen, saklama sen birjigem
Saňa bolan päkliklermiň barysy,
Päk söýgümem,
mundan beýläk kirjiger

Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Seniň üçin gül ömrümi öçürmen
Zibilhana atjak düýnki söýgünem,
Peýda bolmaz indi köne-küşülden


Ylham GURBANALYÝEW
20
143
violinist
20 Noýabr 2022
Gidenimden ölýän bolsa, goý ölsün! Hassa ýatan arzuwlarmyň dirisem...
ylham_gurbanaly
20 Noýabr 2022
BaýramBejidow, Minnetdar bro) wolf, sagbol saňada ýetirsin)
wolf
20 Noýabr 2022
ylham_gurbanaly,hä bolýala 😊ýyldyzyñ gutly bolsun 👍
BaýramBejidow
20 Noýabr 2022
Gowy goşgy. Aýgytly pikirleriñ berýän netijesi bu...
ylham_gurbanaly
20 Noýabr 2022
Myrataly, 😂😂 wolf, bärden gitmek niýetim ýok entekler) kowmasalar)
ylham_gurbanaly
20 Noýabr 2022
Myhman Myhman, Salam. Sebäp?
Myrataly
20 Noýabr 2022
Gitmehow😂😂😂
jemal_seyitniyazowa
20 Noýabr 2022
Taladroň aýdymyny diňlän ýaly bollumaý..
Myhman Myhman
20 Noýabr 2022
Biderek gosgy eken 👎👎👎
Myhman Myhman
20 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.