Söýenleriñ kagyz pula tapylmaz
Çaga bolup düňyä inen mahalyň,
Dakylan at, yone yere dakylmaz.
Dünýede, her zadyň sebabi bardyr,
Wezipän bolmasa, gapyň kakylmaz.
Hökümdar bolsa-da beýikler, begler,
Ölümiň öñünde boýny egiler
Duşman ýoluň ýapjak bolsa-da näler,
Allaň saña açan ýoly ýapylmaz.
Kösenen ýeriñde doganyi gelse,
Dost diýen ynsanyň
dogan dek bilse,
Maşgalaň arkañda dik duran bolsa,
Kynçylykdan arkañ ýere ýykylmaz.
Agzy birdir duşmanlary ýykanlañ,
Az däl aýralykdan ömrün ýakanlar,
Wagt barka gadryny bil ýakynmlan,
Son Söýenleñ kagyz pula tapylmaz.
Kuwwat Ýazmuhammedow