anna_77
20.11.2022 00:06
Onleaks niki bilen tanalýan insaýder Stiw Hemmerstoffer (Steve Hemmerstoffer) Samsung-yň geljegi bar ortabaha Galaxy A54 modeliniň oňat hilli şekilini çap etdi. Uly şekilde görkezilen modeliň haýsy modeldigini birbada aňşyrmak kyn: Galaxy S23-mi ýa Galaxy A54?

Şol insaýderem owal Galaxy S23-iň renderlerini Tora goýupdy. Eger iki telefonuň suratlaryny degşirip goýsaň, dessine olaryň ekiztaýy ýalydygyna düşünýärsiň: kameralary, gapdal gyralary birmeňzeş bezelen, ekranlary ortasyndan kesilen öň tarap kameraly. Galaxy A54-iň displeýiniň çarçuwasynyň inlidigi göze ilýär diýäýmeseň, galan ýeriniň bezeg babatda tapawudy ýok.
Ynha häsiýetnamalarynda welin, eslije tapawut bar.
Samsung Galaxy A54-e diagonaly 6,4 dýumlyk, Full HD+ razreşeniýeli we kadr tizligi 120 Gs bolan AMOLED ekrany degişli edýärler. Şeýle-de gurluşda sygymy 5000 mA.s bolan akkumulýator, esasy kameranyň düzüminde 50 megapiksellik şekil datçigi, SoC Exynos 7904 we 6-12 GB OZU bar diýip çaklanylýar. OC hökmünde, One UI 5.1 interfeýsli Android 13 çykyş edýän bolara çemeli.

Tayyarlan: ✍️anna_77✍️
Halan bolsañ 👍Like👍
24
59
butterfly
20 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍....
SerdarMyradov
20 Noýabr 2022
like👍👍🐧
Maýa06
20 Noýabr 2022
anna_77,öňräk göremdä iPhone 14 çykmak dünýäde birinjä iPhone 13 pro max ultra ikinjem s23 dimikä A54 em altynjydy öýdýän
anna_77
20 Noýabr 2022
Maýa06,wiii konecna s23 gowy. Yone A54 ler s23 in sypatynda ondurilyar
Maýa06
20 Noýabr 2022
S23 gowumy indi ýa A54
anna_77
20 Noýabr 2022
Ahli postlara meñ adymdan 👍👍👍like
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.