Kaka- gyşdyr kä salkyn , kä sowuk ,
Onda gar ýagsa ereýändir soň.
Başdan zyýanly zady kowup,
Pähimi ömrüňe ýaraýandyr soň.
Eje ýazdyr - saňa ilki jan beren,
Şoň bilen dünýäde açylar güller .
Gum - guklyk ýaşaýşa aýdym saz geler,
Pasyllaň soltany Ejeli günler.
Uýa- tomus onuň yssy mähiri,
Ýetişdirip aň, akylyň bişirer.
Ýollaryňa ýalkym saçjakdyr keşbi,
Ýalňyşaňda ýalňyşyňy ýaşyrar.
Aga- güýzdir dökülýändir dertleriň,
Mert bolup kän aladaňy owradar.
Bile geçişjekdir ýollaň kertlerin,
Gussaň alyp geljegiňe ugradar.
Ýer ýüregi şular bilen urýandyr,
Ählijesi gerek ajap pasyllaň.
Biri kem bolsa bildirip durýandyr,
Dünýäň gözel şolaryň arkasyndan.