Şatlygyma şärik,
Gaýgyma şärik,
Garrylygym bilen ýaşlygma şärik
Boljak gyz nirdekä?
Duşarka haçan?
Onuň ady kimkä?
Nämekä käri?
Belki-de, ol gyzy gören däldirin,
Belki-de, ol çykandyram öňümden.
Ýa-da ýalňyz sözi aýtmaly wagty
Uýaljyrap geçendirin deňinden.
Ýöne meni söýjek şeýleräk gyzdyr:
Guwanç bilen bakýandyrlar yzyndan.
Şonda kä kişiler çümüp hyýala,
Närazy bolýandyr ogul-gyzyndan.
Mydam dişleýändir gijeýän dilin
Meni söýjek gyzy gören kelçikler.
“Şeýle gyz ogluňa bolaýsa gelin” —
Arzuwyn edýändir gelin aljaklar.
Meni söýjek gyzyň owadanlygy
Iliňkiden artyk ýa pesem däldir.
Kä oglanlar oňa “Owadan” diýse,
Käbiri diýýändir: “Beýle gyz kändir”.
Şatlygyma şärik,
Gaýgyma şärik,
Garrylygym bilen ýaşlygma şärik
Boljak gyz nirdekä?
Duşarka haçan?
Onuň ady kimkä?
Nämekä käri?
Gurbanýaz DAŞGYNOW