ylham_gurbanaly
17.11.2022 08:56
Ynha ýene barýan "Gussa" köçämden,
Ýetim galan arzuwlarma hamsygyp
Käte kiçi şatlygyňam deregne,
Bilýän eken - dagdan uly gam sygyp

Hawa, häzir barýan maşgala suddan
Aýrylyşdy arzuwlarmy döreden
Şeýdip "günäsizler" jyda düşdiler -
Soňuna çen göreşmedik eneden.

Belki asyl günäkäri mendirin,
("Balalarna" guwanyplar, kör bolan)
Tapyp bilmän hiç göwnüni höwrüniň,
Indi ýalňyz umydyna ör galan...

Ahmyr, arman - nepsiz! (Boljagy boldy...)
Wagty yza bermez - "pena sözlerim"
Enesiz galsa-da, kemsinmän ýaşar,
Atasyz galmadyk - "günäsizlerim"


Ylham GURBANALYÝEW
27
76
atakulyyewa_humay
17 Noýabr 2022
Enesiz galsa-da, kemsinmän ýaşar, Atasyz galmadyk- ,,günäsizlerim"
ebru
17 Noýabr 2022
Gaty gowyy👍👍
violinist
17 Noýabr 2022
Ynha ýene barýan "Gussa" köçämden, Ýetim galan arzuwlarma hamsygyp...(
Myhman Myhman
17 Noýabr 2022
indi gosgy duzsen sesli okap mana ugrat audio edip goyup bereyin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.