ylham_gurbanaly
16.11.2022 10:53
Beýnimiň içinde gopgun turzuşyp,
Pikirler bu günem duelde durlar
Senli günler ykbalyma bir yşyk,
"Sensizlik" - dokuz harp, bir ömür bolar

Dünýämde ýeke reňk, olam garalyk
Tümlikde ýatan, kalby kör, biri men
Gitjek bir gün reňkli dünýä garylyp,
Şol umyt bile - entekler diri men...

Sendiň baky ylham, tükenmez gorum
Sensizlikde boşap galdy söz känim
Hem-ä ýekedigiň gaýtalap ýörün,
Hem gözleýän saňa meňzeş özgäni...


Ylham GURBANALYÝEW
26
104
Myhman Myhman
18 Noýabr 2022
Oran gowy.
atakulyyewa_humay
16 Noýabr 2022
,,Sensizlik" - dokuz harp, bir ömür bolar
menesa___
16 Noýabr 2022
Ömrüniň galanny geçirip sensiz,
Tagoryň sözlerne düşündim kemsiz...

Oraznepes Baýramow (ýokardaky setirlere öýkünme öýdýän)
violinist
16 Noýabr 2022
Мы в жизни любим только раз, А после ищем лишь похожих… С. Есенин (:
menesa___
16 Noýabr 2022
Söýgi şatlyklary ýeke dem eken,
Hasratlary asyr bilen deň eken.
(Robindranat Tagor)
ebru
16 Noýabr 2022
Gowy goşgy👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.