Hindistana ýa-da demirgazyk Afrika ülkelerine gezmäge gidenleriň ilkinji ünsüni çeken zat ýylana tans etdirijiler, ýagny margirlerdir. Olaryň bu süýrenijileri sebetden çykaryp, tans etdirmekleriniň gipnoz ýa-da tüýdükde çalynýan saz bilen baglanyşygy ýok. Çünki kepjebaş hiç zat eşitmeýär, ýagny ker. Ol diňe ýerden, ýagny toprakdan gelýän titremeleri aňýar. Bu jandarlar ýer titremelerini örän çalt duýýar.
Margir ilki ýerden titremeler ýollaýar. Ýylan derrew dikelip, çişip topulmaga taýýarlanýar. Margir elindäki tüýdügini saga, çepe oýnadyp, ýylanyň seredýän ugruny yzygiderli üýtgedýär. Çünki şeýle etse, onuň ünsi sowulýar. Ýylan tüýdüge bakan kellesini oýnatdygyça, bu häsiýet tomaşaçylara “tans edýär” duýgusyny döredýär. Ýylanyň iki ýana ýaýkanmasy aslynda fiziki hadysadyr. Ol göwresini dikeltmek üçin şeýle hereketlenýär. Eger ýaýkanmasa, dikelip bilmeýär. Kepjebaşyň nesli birmeňzeş däl. Margirler köplenç has asuda we iýmäge uly bolan zatlara topulmaýan Aziýa kepjebaşlaryny eldekileşdirýärler.