Ybraýym Ethem
Bir gün Ybraýym Ethem hezretleri syýahat etmek üçin gämä münüpdir. Gämide wäşilik edip, gün görýän bir adam hem bar eken. Ol Ybraýym Ethemiň derwüşdigini aňypdyr-da, onuň üstünden gülmäge başlapdyr. Oňa her hili kemsidiji sözler aýdypdyr. Adamlar hem gyzyl-gyran gülşüpdirler. Ýöne Ybraýym Ethemiň welin, göwni bir ýaly diýýär. Onsoň, wäşi öz ýanyndan «Bu nähili adam-aý?! It masgarasy edip, üstünden gülüp durunam welin, sesini çykarman otyr-aý» diýip, geň galypdyr. Şomda Ybraýym Ethem wäşä ýüzlenip, oňa bir sowalynyň bardygyny aýdypdyr. Wäşi hem «Soraber» diýipdir. Onsoň, Ybraýym Ethem:
– Gämide şunça adam barka, üstünden gülmäge iň mynasyp adam hökmünde meni saýladyň, şeýle dälmi? – diýip sorapdyr. Wäşi:
– Hawa, şeýle – diýip jogap beripdir. Şonda Ybraýym Ethem ilki bilen asmana garap:
– Eý, Perwerdigärim! Senden ýüzde-müň razydyryn! – diýipdir. Soňra wäşäniň ýüzüne garap şeýle diýipdir:
– Saňa-da minnetdarlygymy bildiresim gelýär! Bu jahanda adamlaryň ýüzüni güldürişiň ýaly, goý Allatagala-da o dünýäde seniň ýüzüňi güldürsin!
Ylham_officall