Aşyk
Bir garyp ýigit patyşanyň gyzyna aşyk bolýar. Ol şol jelegaýlarda ýaşaýan tanymal derwüşiň ýanyna baryp, özüniň alaçsyz derde uçrandygyny aýdýar. Ondan kömek soraýar. Derwüş oňa eger arzuwuna ýetmek isleýän bolsa, aýtjak zatlaryny gyşarnyksyz berjaý etmelidigini aýdýar. Ýigit razy bolýar. Şondan soňra derwüş oňa şeýle diýýär:
– Oglum, bar-da şäheriň girelgesinde otur. Senden biri bir zat sorasa, diňe «Alla» diýiber, başga hiç zat diýmegin!
Garyp ýigit diýleni edýär. Adamlar şäheriň girelgesinde oturýan bu ýigitden «Alla» sözünden başga zat eşitmeýärler. Hälki derwüş hem oňa gündelik iýjegini eltip durýar. Şeýlelikde, «Alla» sözünden başga kelam agyz söz aýtmaýan bu ýigidi her kim tanap başlaýar.
Ol baradaky gürrüňler ahyry patyşa hem baryp ýetýär. Patyşa-da şol ýigidiň kimdigini bilmek isleýär. Hälki derwüşi ýanyna çagyryp, ondan şol ýigidi tanap tanamaýandygyny soraýar. Derwüş hem ony patyşanyň ýanynda «uly alym» diýip öwýär. Şondan soňra patyşa ýigidi görmäge barýar. Ondan: «Sen kim bolarsyň? Nähili derde uçrap ýörsüň? Bizden isleýän zadyň bolsa çekinme-de aýdyber» diýip sorasa, ol ýene-de şol öňküsi ýaly «Alla» sözüni gaýtalap otyrmyş. Başga ýekeje söz hem aýtmaýarmyş. Derwüş hem her gije ýigidiň ýanyna baryp, «Patyşa tä gyzymy bereýin diýýänçä, ondan zat diläýmegin» diýip sargaýarmyş.
Ýene bir gün patyşa ýigidiň ýanyna gelip, oňa şeýle diýýär: «Sen näme isleýän bolsaň aýt. Eger isleseň, seni gyzyma öýlendireýin!» Derwüş üçin geň hem bolsa, ýigit şonda patyşa şeýle diýip jogap berýär:
– Ýok, islämok. Indi men şa gyzyny hem islämok. Men başda dünýewi arzuwlaryma ýetmek üçin, «Alla» sözüni gaýtalap başladym. Ine onsoň, patyşanyň özi aýagy bilen gelip, meniň ýaly garyba gyzyny bermekçi boldy. Ýöne men başdan dünýewi bähbidim üçin däl-de, diňe Allanyň razylygy üçin «Alla» diýen bolsadym, gör nämeler bolardy!? Mundan beýläk Alladan başga hiç kimiň adyny dilime almaryn. Onuň päk adyny dünýewi bähbidim üçin ulanmaryn!