Dürüşde geçmişiň tagamyn dadyp,
Boşap galan öz dünýämde gygyrdym.
Unudylyp galan çäýnek mysaly,
Gaýnadym.
Döküldim.
Soňam bugardym.
Ýasama ýylgyrşyň nikabyn geýip,
Käte syrly, kä ýarymam düňledim
Şeýdip kem-kem ýalňyzlyga imrigen -
ýüregimiň sedasyny diňledim
Köp gezdiler dogan ýaly gatnaşyp,
Soňunda barybir "ýat ogly" boldum.
Iller "Şatlyk" bilen söýüşýärkäler,
Men "Gamgynlyk" bilen adagly boldum.
Her kim gatnawynda gitýärem welin,
Ykbalym wokzala meňzeýän ýaly...
Henizem bir petek eýesiz ýatyr,
Ýaradan bir ýerde egleýän ýaly...
Ylham GURBANALYÝEW