4-nji bolum. (Gurleyan guyy)
Jeren öz kakasy barada oba adamlarynyň aýdýan zatlaryny diňlemäni gowy gorýädi, olaryň hiç biri şu wagyda çenli oň kakasy barada ýekeje erbet zat aýtmandy, näme üçindir bar erbet zatlary diňe oň ejesi aýdýardy. Oba adamlaryndan kaksy barada aýdylan sözi Jeren öz ýadynda saklaýardy, kakasyny sypatlandyrýan hiç bir söz, hiç wagyt ýatdan çykmaly däldi. Ol ýatlamalary günde irden kelleden geçirilmelidi, hamala doga ýaly. Hiç biri üýtgemeli däldi we ýitmeli däldi. Kakasy barada ýatlamalar we obadaş adamlaň aýdan sözleriniň bary, harpma harp Jereniň ýadyndan ýaşaýardy. Diňe kakasynyň sesi we gülkisi Jereniň ýadyndan solup ugrapdy, şoň üçin guýydan öz kakasynyň sesine meňzeş ses eşidip Jeren näçe gorkulam bolsa hiç ýerik gaçmady.
—Zümerret. Sen meň kakamy gowy tanaýadyňmy?
—Howwa, men seň ataňam tanaýadym, oň atasynam tanaýadym, soň oň atasynam tanaýadym. Men seň 40 arkaňa çenli tanaýan. Meň adym Zümerret.
—Sen guýda köpden bäri ýaşaýaňmy?
—Siziň obaňyz entek bärde ýok wagty ýaşaýardym. Siziň obaňyz ýitip gidensoňam ýaşaryn.
Jeren pikirlendi, obaň ýok wagtyny göz öňüne getirjek bolydy, ol entek beýle zatlar barda hiç wagyt pikir ýöredip görmändi. Oň göwnüne oň obasy mydama bardy we mydama bolar, adamlar dogular we öler, ýöne oba bir zat bolup ýitip gider diýen pikir oňa täze we düşnüksiz bolup göründi.
—Zümerret, meň küýzäm guýa gaçdy, daş töweregiňe seredäýdä ýaşyl küýze ýokmy?
Guýy ol sözlerden soň elhenç ses bilen güldi, bu gezek oň gülkisi Jereniň kakasynyň gülkisine meňzemedi. Jeren gorkydan ýaňa azajyk yza çekildi.
—Gorkma, —diýdi guýy. Sen menden gorkmaly däl. Men seň küýzäňi guýydan çykaryp bereýin. Ýöne bir şert bilen.
—O nämäň şerti, —sabyrsyzlyk bilen Jeren sorady.
Guýy ýene dumdy, hamala öz şertini ýatlaýan ýaly. Jereni bolsa sabyrsyzlyk iýip barýardy. 15 ýaşly gyz näme diýseňem örän bilesigelji bolýar.
—Göz ýaşlaň, —guýy birden ümsümligi böldi. Maňa seň göz ýaşlaň gerek.
—Göz ýaşlam? Sen olary näme etjek? Onsoňam men olary saňa nädip bereýin?
—Sen agla, ýene bir gezek agla. Ýöne indi aglaňda guýyň içine agla.
—Men indi aglasym gelenok, —diýdi Jeren.
—Aglarsyň eger men islesem, ýöne guýyň içine öz gözýaşlaryňy döker ýaly men seni mežbur edip bilemok.
—Eger men öz gözýaşlarymy guýa döksem, sen sözüňde durup meň küýzämi gaýtaryp berermiň?
Jeren öz çaga göwnine gärä kim bilen iş çalyşýanyna düşinenokdy. Ulyrak adam bolan bolsa bir eýýäm düşünerdi Zümerret bilen oýun etmeli däldigini, ýöne Jeren bary ýogy öz küýzesini ýitiren 15 ýaşly gyzdy.
—Dünýe döräp men entek öz sözümden dänen ýerim ýok, —jogap berdi Zümerret.
—Men razy, ýöne men indi aglasym gelenokdä.
Jeren sözlerini gutarmaka ýüregine ýalňyzlyk aralaşdy. Gowy geljege bolan umytlaň bary bir salymda öçdi, adamy dünýede ýaşadýan hem ýagty gelejege bolan gowy umytlaryň bary hiç wagyt bolmadyk ýaly boldy. Dünýe gaty garaňky we rehimsiz bolup göründi, yz ýanyndan Jereniň ömründe bolan bar erbet ýatlamalar daşyna çogup çykdy we müň esse ýiteldi. Gözden ajy ýaşlar öz özünden akyp başlady, Jeren entek beýle aglany hiç wagyt ýadynda ýokdy.
—Golaýrak gel, —diýdi guýy. Biziň şertimiz bar, sen guýa aglamaly.
Jeren garşylyk görkezman guýyň diwaryna ýaplanyp, başyny aşak egip guýyň içine aglap başlady. Entek ömründe beýle aglap görmeýşi ýaly, ömründe birinji gezek ýüregi hasrat gaýgydan ýeňledi. Bir ýerlerden duýdansyz peýda bolan gam gussaň ýerine, edil şol ýerlerden peýda bolan şatlyk we bagyt eýeledi. Agladygyňça ýüregiň täsin ýeňleýärdi, elbetde bu zatlar Zümerret edýärdi. Jereniň agysy ýuwaş ýuwaşdan dymyp iň soňunda şatlyga öwrüldi, yz ýanyndan bolsa gülkä geçdi. Jeren guýyň başynda esli wagyt, edil jynlan ýaly öz özi güldi. Eger bolýan zatlary daşyndan biri gören bolsa hökman gyz däldiredi diýip pikir ederdi. Sebäbi ýaňja ses edip aglap duran gyz, indi ses edip gülip durdy. Jeren gülip bolup demini dürsäp guýudan sorady:
—Ber indi meň küýzämi, men bar zady seň diýşiň ýaly etdim.
—Bolýa, —diýdi guýy. Sen gün dogaýmaka şu ýerik gel. Şonda öz küýzäňi alarsyň.
—Näme? —Jeren geň galdy. Maňa küýze şu wagyt gerek. Meni ejem öýe salmaýar küýzesiz barsam.
—Şu gün, gün dogmaka şu ýerik gel, onsoň öz küýzäňi alarsyň. Men Zümerret, entek sözümden dänen ýerim ýok.
Näme üçindir Jeren oň sözlerine ynanasy geldi, şoň üçin jedelleşip durmady, onsoňam nädip guýy bilen jedelleşjek diýsene? Hoşlaşman yzyna öwrülip öýüne gaýtdy. Öýlerine baryp ejesini turuzman öýe girdi we oň maňlaýyndan öpdi. Uklajak boldy ýöne gorkdy, daňdana çenli ýatsam uklap galaýmaýyn diýip pikir etdi. Zümerret gün dogmaka guýa gel diýipdi. Jeren küýzesini eline elşyny göz öňüne getirjek boldy. Guýdan owadan oglan çykyp oňa küýzäni uzadýar, uzadýar we men Zümerret diýýär. Oglanyň ýüzi Aman sanykçyň oglyna gaty meňzeş, ol oglanyň ady Hazardy. Näme üçindir Jeren guýudan Nazar atly oglan çykyp oňa küýzesini berýänini göz öňüne getirdi. Şeýdip oň pikirleri düýşe gatyşyp gitdi, tasana uklap galýardy, ýöne ony düýşinde erkek sypatly biri oýardy, kim ol Jeren bilmedi, Nazarmy, Zümerretmi ýa-da öz kakasy? Turup seretse ejesi entek ýatyr, ýöne biri gije oň üstüni ýapypdyr, ejesinden başga kim bolsyn diýsene? Jeren guýa tarap çalt çaltdan ýöredi, gün entek dogmandy, ýöne şapak ýagtylyp başlapdy. Barsa guýyň ýanynda obaň bir aýaly dur, suw alýana meňzänok. Jeren golaýrak bardy, ol aýaly tanady, ol Aman sanykçyň aýaly we Nazaryň ejesidi. Ol aýal hem guýa öz küýzesini gaçyrypdyr. Şu gün irdenjik gaçyrypdyr, Jeren üçin gowy ýeri ol aýalyň ogly kändi, häzir ogullary üýşer we küýzelerni guýydan çykararlar, haýyşt etse Jereniň hem küýzesini çykararlar. Şeýdip Aman sandykçyň dört ogly guýyň daşyna üýşdiler we iň kiçilerini ýüp bilen guýa salladylar. Az salymdan guýa sallanan oglanjyk epesli wagytlap guýa gaçan bar küýzeleri çykardy, şol sanda Jereniň hem küýzesini. Olaryň ejesi bolsa ogullarynyň bu hereketini näme üçindir halamady. Hamala öz ogullarynyň oba peýda getirenini gabanýan ýalydy. Oglanjyk guýa salanan wagty Jereniň ýadyna Zümerret düşdi, bir bada oglan guýyň düýbine ýetip “waý eje, çykaryň meni” diýip gygyraýjak ýaly boldy. Ýöne ol hiç hili ses çykarmady, guýa ençeme gezek sallanyp ol ýerden bir näçe küýze çykardy. Soň olaryň kakasy Aman sandykçy bir ýerlerden peýda boldy, we guýyň düýbini arasalamagy teklip etdi, näme diýseňem wagtyň geçmegi bilen guýyň düýbine çäge ýygnanýar. Ogullary kakasynyň aýdýanlaryny makyll bildiler. Jeren öz küýzesini eline alyp öýlerine ýöredi, ýolda barýarka düýn giçlik bolan zatlary ýatlady. Bolan zatlar düýşden çala tapawutlanýardy, näme bolsada oň küýzesi eýýäm elindedi.
Şeýdip Jeren bilen Gürleýän guýyň birinji şertnemasy baglanşyldy. Ýöne bu entek hekaýaň soňy däl....
Dowamy bar..