moonlight
11.11.2022 07:13
2Nji bölümi.

Günleriň bir güni şol guýa obaň bir gyzy öz küýzesini gaçyrdy. Guýyň daşyndaky daşdan diwaryň üstünde öz küýzesini goýdy, küýze bolsa ýykylyp guýa gaçdy, gyz oňa elini degirmedi, hamala küýzäni başga biri iten ýaly, ýa-da küýzäň duran daşy tekiz däldi? Ony eýýäm hiç kim bilenok. Näme bolandada küýze indi guýyň düýbinde ýatyr, alyp bolar ýaly däl. Biziň hekaýamyzam şol guýa gaçan küýzeden soň başlaýar, sebäbi gürleýän guýy bilen gyzyň birinji şerti, şol küýzäň üstünde baglanşyldy. Hekaýa başlamazdan öň, elbetde gyz barada we başgada gahrymanlar barada size aýdyp bermek zerurdyr? Gyz barada awtorda edil şu wagyt aýdara hiç zat ýok, sebäbi gyzy başdan aýak indi oýlap tapmaly. Howwa, gyz entek çyg, bişmedik. Ol barada ýekeje aýdyp boljak zat, ýere ýetip, yzyna aýlanyp duran, uzyn gara saçlary bar. Ýöne gyz diýen zat diňe owadan uzyn saçlar bilen gutarmaýar, oňa at, sypat we häsýet gerek, ondan daşgaryn jemgiýetde tutýan orny hem gerek. Eger awtor hakyky durmuşdan bir gyzy alyp, şoň häsýetlerni hekaýadaky gyza geçiren bolsa, belkem aňsat bolardy. Ýöne awtor beýle etmäge gorkýar, sebäbi ol ynanýar; Eger hakyky dünýeden alnan gyzy, hyýaly dünýä geçirip, ol barada her hili zatlar ýazyp başlasaň, kim saňa güwä geçip biljek, hakyky dünýedäki gyz öz hyýaly dünýedäki ekiz taýynyň ykbalyny paýlaşmaz diýip? Şoň üçin awtor öz baş gahrymany gyzy, tutuşlygyna noldan oýlap tapmaly diýen netijä geldi. Goý hyýaly dünýedäki gyz bilen, hakyky dünýedäki hiç bir gyz kesişmesin.
Awtor gyzy oýlap tapyp başlamaka siz göz öňüne getiriň; uzyn saçly gyz, hapa çägäň üstünde, gyzyl ketenili, Gürleýän guýyň diwaryna ýaplanyp aglap otyr. Aglaýanynyň sebäbi küýzesini guýa gaçyrdy. Goý aglasyn, ol aglap durka biz ony oýlap tapaly. Adam barada birinji bilmeli zat oň ady. Islendik gyz, hyýaly bolsyn hakyky bolsun oňa at gerek. At hakyky gyz üçin wajyp, sebäbi at, awtoryň ynamyna görä ykbalyňa täsir edýär. Ýöne hyýaly gyz üçin at wajypmyka? Guýyň başynda aglap oturan gyza haýsy at dakamyzda-da okuýjy üçin parhy näme? Baş gahrymany gyz bolan, okan eseriňizi ýatlaň, şol eserden alan täsiriňizi ýatlaň. Indem şol eseriň baş gahrymany, gyzyň ady başga bir at diýip göz öňüne getiriň. Esere bolan garaýşyňyz üýtgedimi? Elbetde ýok. Gyzyň ady okyýja wajyp däl, ýöne awtora wajyp. Şoň üçin ol gyzyň ady barada köp oýlandy. Iň soňunda baş gahrymana Jeren diýip at dakmaly diýen netijä geldi. Awtoryň şol ady saýlamagynyň düýpli sebäpleri bar, ýöne ol sebäpler barada azajyk soňyrak.
Diýmek Jeren atly gyz guýyň ýanynda aglap otyr. Ol gyz aglamaýan wagty şadyýan we owadan. Boýy uzyn, ýöne saçlary boýundanam uzyn. Gözleri gara, özi bugdaý reňk. Hereketleri hakyky jereni ýadyňa salýar. Eger siz çeşmeden suw içip duran jereni gören bolsaňyz awtoryň deňeşdirmesine düşünerdiňiz. Suw içýän jeren kellesini galdyryp daş töweregine seredýär, ýyrtyjylaryň ýokdygyna göz ýetirip ýenede suw içmesini dowam edýär. Biziň gahryman gyzymyzyň daş töweregine bakyşy edil şol suw içýän jereniň daş töwregine bakyşyny ýatladýar. Umuman alaňda gyz gelşikli, ýöne hemişe bolşy ýaly öz sypatyndan nägile. Saçlaryny mydama iki örýär, ýöne dört örse has gowy gelişjekdigini bilenok. Çep elinde alaja we ejesiniň iki sany ýüzügi. Üçinji ýüzigini ejesinden gizlin bir mahallar müşke çalşypdy, ýöne ol ýöne aýratyn waka. Ýaşy takmynan 20 ýaş, ýöne şol döwrüň hasaby boýunça. Şu wagytky biziň senenamamyza geçirseň 15 ýaşly gyz.

Gürleýän guýyň başynda Jeren atly 15 ýaşly gyz aglap otyr. Özem ýary gije. Küýzesini guýa gaçyranda öýlän wagtydy, ýöne aglamaga gelende eýýäm ýary gijedi. Küýzesini guýa gaçyryp öýüne baranda ejesi Jerene hiç zat diýip käýemedi. Ýöne gün ýaşyp ýary gije bolanda Jerene gygyryp başlady. Ejesi hamala bilgeşleýin gije düşýänçä garaşan ýaly.

—Git näme işleseň şony işle, ýöne şu tünege küýzesiz gaýdyp geläýme, —ejesiniň aýdan soňky sözler.

Jeren bolsa alaçsyz öz küýzesini iň soňky gezek gören ýerine bardy, bardy we aglap başlady. Bolsada guýyň başynda başga adam ýokdy, tutuş oba uklap ýatyr. Jereniň ejesi barada aýdaňda ol bir döwürler gowy aýaldy, ýöne garyplyk oň içki dünýäsini zaýalady. Ençeme ýyla çeken garyplyk Jereniň ejesini iýip bolup barýardy, ýene az salym, onsoň ol bela Jerenem özini iýip ugramalydy. Garyplygy demire düşen pos bilen deňeşdirseň bolar. Demir näçe berk bolsada posuň täsirinden ýuwaş ýuwaşdan çüýreýär. Şeýdip Jereniň demirden ejesi hem ýuwaş ýuwaşdan çüýredi. Garyplyk barada köşeşdirji sözleri we nakyllary halk içinde köp aýdýalar, ýöne ol sözleri garyplygyň nämedigini bilmeýän adamlar oýlap tapan bolmaly. Bar zada Jereniň kakasy günäkär, eger ol diri bolan bolsa belki hem garyplygyň nämedigini Jerenem bilmezdi, oň ejesem. Belki bar zat başgaça bolardy, belki küýzede suwa gaçmazdy, belki eje hem agzyna gelen sözleri diýip ýörmezdi? Belki obaň adamlary hem Jereniň ejesine töhmet atmazdylar. Ýöne bar zat başgaça boldy, we şu güne çenli başgaça bolmagyny dowam edýär. Şu gün gije bar zat ýuwaş ýuwaşdan üýtgäp başlar, ýöne gowlugamy ýa-da ýamanlyga aýtmak kyn.
Ýary gije tutuş oba ýatyr, geň ýeri hatda itlerem ýatyr. Itler bilen düşünşse bolarla welin şagallar bilen möjekleriň sessiz ýatanyny düşünme örän kyn. Olaryň ulamaýan gijesi obaň ýaşaýjylarynyň biriniňem ýadynda ýokdy. Ýöne şu gije olar ulamady.

Dowamy bar...
(Yzyny soranlar ücin..)
20
119
ebru
11 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
👅CrAzYGiRl👅
11 Noýabr 2022
🤔nache bolumden ybaratka:)
Myhman Myhman
11 Noýabr 2022
ЖЕРЕН ады овадан гелшикли ат менин Адым хем Жерен мене адыма гуванян
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.