moonlight
10.11.2022 17:38
Gürleýän guýy (gyzykly waka)

Hekeýäň ady göçme manyda däl, guýy hakykatdanam gürleýär, siz muňa özüňiz göz ýetirip bilersiňiz. Süýji suwly guýy, edil obaň ýüreginde. Obaň ady üç guýy, sebäbi ol obada üç sany guýy bar, iki guýy ajy suwly, bir guýy süýji suwly. Guýular bir birinden daşda däl, el uzadaýmaly, ýöne barybir suwlary tapawutly. Biziň wakamyz süýji suwly guýy barada gider. Ajy suwly guýular bize gyzykly däl, ol guýulardan adamlar suw içenoklar, ol guýulardan diňe mal-gara suw berýärler. Süýji suwly guýy adamlar üçin has wajyp bolansoň, oňa seredilşem üýtgeşik. Guýyň çermegi dag daşy bilen, adam biline çenli örülen. Beýle ýagdaýyň iki bähbidi bar, birinjisi guýa kiçijek çagalar we käbir haýwanlar gaçmaz ýaly, ikinjisi hem şemal turanda guýa çäge tozamaz ýaly. Guýy üçin dag daşlaryny getirmegiňem özi uly zähmet, daş töwerekde daş alara ýer ýok, iň golaý ýer Köpetdag. Ýöne nähili bolandada guýyň çermegi dag daşlary bilen örülen. Ol agyr zähmeti kimiň öz egnine alanyny, obaň adamlary bilenoklar. Hatda obaň iň garry ýaşaýjysam, ol guýyň haçan gazylanyny, kim gazanyny we daşyny daşlar bilen kimiň örenini, iň bolmanda rowaýat, erteki görnüşindede hiç zat bilenok. Adamlaň ýady gysga we ynamsyz. Çölde saňa habar saklaýan kitaphanalar ýok, şoň üçin bir habary nesilden nesili geçirjek bolsaň, hökman erteka ýa-da rowaýata büremeli. Ýöne üç guýy obaň ýaşaýjylarynyň, öz guýylary barada hiç hili ertekisem ýok rowaýadam. Geň ýeri, süýji suwly guýyň ady, siziň okap oturan hekaýaňyzyň ady bilen deň. Howwa. Oba ýaşaýjylary ol guýa "Gürleýän guýy" diýýäler. Ýöne ol adyň nirden gelip çykanyny hiç kim bilenok. Şemal wagty, guýyň agzyna ýel ilip, adam sesine meňzeş aýylganç ses çykarýar. Käbir ýaşaýjylar bolsa şol ses üçin hem guýa gürleýän guýy diýilendir diýip çak edýärler. Guýy beýle sesi her bir ýelde çykaryp ýörenok, diňe şemal gündogardan öwsen wagty çykarýar. Garaz ol guýy azajyk geňiräk, ýöne näçe geň bolsada öz gönümel wezipesini ýerne ýetirýär, adamlary suw bilen üpjün edýär.

Dowamy bar..

(Eger muny hem öň paýlaşanyňyz bar bolsa aýtsaňyz pozjak.Eger goýan ýok bolsa, dowamy gerek bolsa yzyny hem goýarn?.)
20
138
Myhman Myhman
11 Noýabr 2022
Хайыш эдйан ызыны язайын он окап гормедим
lalahan
10 Noýabr 2022
Hayys edyan yzyny goyayynda on okap goremok men gyzyklandym
Myhman Myhman
10 Noýabr 2022
Ызыны язай мен он окап гормедим
👅CrAzYGiRl👅
10 Noýabr 2022
sofii,dogry onda menem on eshidipdim🤔indi yadyma dushdi Taryhy zatlar kan yone men nache gyzyklansamam taryhdan az zatlar bilyan ekenim uyam:)🙃😎
👅CrAzYGiRl👅
10 Noýabr 2022
sofii,🙄taryhy tazeden okamaly etdin:) kimka onda olar?:)/
👅CrAzYGiRl👅
10 Noýabr 2022
sofii,🤔😊howa yone has ginden rowayatlarda sheyle diyip tanalyar yone Taryhda Aleksandr Makedonskiy diyip tanalyar:))shonun in gowy sozi bar men dunyanin yarsyny basyp alsamam men ol dunya iki elimi serip gidyarin diyen sozi :)😊
👅CrAzYGiRl👅
10 Noýabr 2022
Guyyly hekayany okamda Isgender Zulkarneyinin shahy bar diylip gulagymda yanlanyar:)🙃
ebru
10 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
butterfly
10 Noýabr 2022
On goyulypdy. Ylham dogan goyupdy
wolf
10 Noýabr 2022
Öñ goyulypdy oydyan şu ýalñyşmasam. Yo pozma goyber yzynam 😁👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.