orhideya_
10.11.2022 09:12
🍁Durmuş hem gyzykly, hem kyn. Ýöne gyzykly tarapynyň kyn tarapyny basyp bilýändigi üçindir-dä, ýaşaýyş welin süýji. Durmuşdaky iň çylşyrymly zatlaryň biri adamyň daşky keşbiniň içki dünýäsini doly açyp bilmeýänliginde. Şonuň üçinem oýnap duran tilki gözler, ýasama gelşik berlen ýüzler ýüregiň matlabyny känbir ýaňzytjagam bolanok, belki ol munuň wezipesi hem däldir. Şonuň üçinem biziň daşky keşbe aldanýan pursatlarymyz az däl. Ýöne Hakda hem-de halkda bir adyl göz bar. Biri görmese, ikinji biri hökman görýär. Taňry ýitgileriň öwezini teselli bilen, sabryňa sogap bilen, başga bir has gowy zat bilen ödär. Ýöne iman ýitgisiniň öweziniň barlygy hakynda entek hiç zat eşidemok. Belki iň agyr ýitgi şudur🥀
-Rahmet Gylyjow
29
89
Archi
24 Noýabr 2022
Haýsy kitapyndan Crazy
butterfly
10 Noýabr 2022
👍......
ebru
10 Noýabr 2022
Gowy post 👍
Selwi
10 Noýabr 2022
Dogryy
atakulyyewa_humay
10 Noýabr 2022
Gaty dogry 👍👍👍👍👍🐨
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.