Laboratoriýada öndürilen gan ilkinji gezek adamlara goýberildi
Laboratoriýada döredilen gyzyl gan öýjükleri, öýjük bilen baglanyşykly näsaglara we gan ýetmezçilik edýän näsaglara bejergi üçin synag hökmünde goýberildi. Lukmanlar labaratoriýada öndürilen ganyň näsaglara kömek edip biljekdigini öňe sürýärler. Bu gan öýjükleri donorlaryň kök öýjüklerinden ösdürilip ýetişdirildi. Synag hökmünde ilkinji gezek adamlara goýberilen laboratoriýada öndürilen gan häzirki wagtda gowy netijäni berýär.
Alymlar laboratoriýada öndürilen ganyň birnäçe artykmaçlygynyň bardygyny belleýärler. Ýagny bu gan öýjükleri, adaty donor ganyndan ýokary bolýar. Şeýle-de seýrek duşýan gan görnüşi bolan adamlar üçin uly peýdasy bar.
Gözlegçiler gyzyl gan öýjükleriniň ömrüniň takmynan 120 gündigini we laboratoriýada öndürilen ganyň bolsa has uzak ömrüniň bardygyny belleýärler.