ylham_1989
09.11.2022 23:55

Ýylanlaryň ýöremegi üçin robot aýaklar oýlanyp tapyldy!



Bilmeýän bolmagyňyz mümkin ýöne ýylanlar mundan 100 million ýyl ozal ýöräp bilýärdi. Ýagny olaryň aýaklary bardy.

Alymlar ýylanlaryň ýerüsti ýa-da deňiz süýrenijilerinden gelip çykandyklary baradaky gözlegler bilen ylalaşmasa-da, ýöne olaryň aslardan ewolýusiýanyň netijesinde dörändiklerine has ýykgyn edýärler.

Alymlar 90 million ýyl mundan ozalky galyndylara esaslanyp, ýylanlaryň kem-kemden aýaklaryny ýitirendigini belleýärler. Näme üçin? Sebäbi aýaklary ýok bolsa, olar aw etmek üçin çukurlara we hinlere aňsatlyk bilen girip bilýärler.

Golaýda, tehnologiýa pudagy boýunça hünärmenler 3D printeriň kömegi bilen ýylanlaryň ýöremegi üçin robot aýagy ýasamagy başardylar.

Kompýutere birikdirilen, hereketlendirijili robot aýaklar ýylanlara aslar ýaly ýöremäge mümkinçilik berýär. Hünärmenler robot aýaklaryň kömegi bilen ýylanlaryň genlerini oýaryp, 100 million ýyl mundan ozal bar bolan aýaklaryny täzeden çykarmak isleýärler.
30
217
Myhman Myhman
22 Noýabr 2022
yyy yylan diymayinaaaa ayagam bolmasyn oze.
Myhman Myhman
20 Noýabr 2022
Alla tagalla oz yaradan jandaryny nahili halda bolmalydygyny burar, ol sonky cykyan robert yasamalary biderek zat ol zatlara kellanizi agyrtman ayakly yylan bolmadygyna sukur edin eeey doganlar,eger yylanlar ayakly yoreseler ynsanlar gacyp yetismez ylanlar jakyp oldurup gutaryp yetismez, yylanyn ayaklysyny goresi gelen ynsan howlukmasyn kyyamatda gorersiniz ayakly ylany.
jemal_seyitniyazowa
20 Noýabr 2022
Geň däl bolmalysy ýaly dowam edýär..
ebru
10 Noýabr 2022
Bäh. Haýran galaýmaly🤔
atakulyyewa_humay
10 Noýabr 2022
Täsin 👍👍👍🐨
Neo
10 Noýabr 2022
on ayagy bolanda bolmanda bize name peydasy barka 🤔 basga peydalyrak zadyn usdunde isleseler gowy bolayjak yaly
ideallider
10 Noýabr 2022
Manysyz gelejegi bolmadyk tapyndy😄👍
ylham_1989
10 Noýabr 2022
Myhman Myhman,salam hovva
Myhman Myhman
10 Noýabr 2022
Salam siz bilesigelijade giryaniz dami
Myhman Myhman
10 Noýabr 2022
Yaman
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.